De­mir­ga­zyk At­lan­ti­ka­nyň mer­ke­zin­de ýer­leş­ýän Is­lan­di­ýa haý­ran gal­dy­ry­jy buz­luk­la­ry hem-de he­re­ket ed­ýän wul­kan­la­ry bi­len te­bi­ga­ty sö­ýü­ji­le­riň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Is­lan­di­ýa diý­len­de köp­ler De­mir­ga­zyk yşyk­la­ry göz öňü­ne ge­tir­ýär. Köp­ler bol­sa Is­lan­di­ýa­ny gyz­gyn suw­ly köl­le­riň ýur­dy hök­mün­de ta­na­ýar. Islandiýa 103 müň ine­dör­dül ki­lo­metr meý­da­ny tut­ýan ada ýur­dy bolup, Ark­ti­ka te­ge­le­gi­ne örän ýa­kyn ýer­leş­ýär. Şol se­bäp­li bu ýer­de tom­su­na ak gi­je­le­ri, gy­şy­na bol­sa dür­li öwüş­gün­li de­mir­ga­zyk yşyk­la­ry­ny syn­lap bol­ýar. Sy­ýa­hat­çy­la­ryň kö­pü­si bu ýur­da Ting­wad­la­watn kö­lü­ni gör­mek üçin bar­ýar­lar.
Ýur­duň paý­tag­ty Reýk­ýa­wik şä­he­ri bo­lup, Kou­pa­wog­ýur, Hab­nar­ford­ýur, Reýk­ýa­nes­baýr, Aku­reý­ri, Gar­da­baýr Is­lan­di­ýa­nyň esa­sy şä­her­le­ri ha­sap­lan­ýar. Is­lan­di­ýa­ly­la­ryň 95 gö­te­ri­mi is­land di­lin­de gep­leş­ýär­ler. Ýur­duň res­mi di­li is­land di­li bo­lup, ikin­ji we üçün­ji dil hök­mün­de dat we iň­lis dilleri öw­re­dil­ýär. Şol se­bäp­li ada ýur­du­na bar­ýan sy­ýa­hat­çy­la­r ýer­li ilat bi­len dü­şü­niş­mek­de kyn­çy­lyk çek­me­ýär­ler. 2007-nji ýyl­da Is­lan­di­ýa BMG ta­ra­pyn­dan ýa­şa­mak üçin dün­ýä­niň iň go­wy ýur­dy diý­lip saý­lan­dy. So­wuk ýur­da Kef­la­wik ho­wa men­zi­li ar­ka­ly ýa-da de­ňiz üs­ti bi­len ba­ryp bol­ýar. Ge­ze­len­je bar­ýan sy­ýa­hat­çy­la­ra çig we ka­ka­dy­lan et, gaý­na­dy­lan süýt, bi­şi­ril­me­dik ýu­murt­ga ge­tir­mek ga­da­gan edil­ýär. Is­lan­di­ýa­nyň mil­li aş­ha­na­syn­da ba­lyk we de­ňiz önüm­le­ri esa­sy or­ny eýe­le­ýär. Aku­la etin­den taý­ýar­lan­ýan na­har­lar, leň­ňeç çor­ba­sy, gaý­na­dy­lan go­çuň kel­le­si, süý­ji tü­wi pu­din­gi, krem­li ga­tyk hem-de piş­me (klei­nur do­nuts) ýur­duň meş­hur ta­gam­la­ry­dyr.
Is­lan­di­ýa ýy­lyň äh­li pas­lyn­da sy­ýa­hat­çy­lar üçin açyk­dyr. Ada ýur­du­na bar­ýan­lar te­bi­gy gö­zel­lik­ler bi­len bir ha­tar­da, is­land at­la­ry­ny, pol­ýar til­ki­le­rini we ak del­fin­le­riň tä­sin he­re­ket­le­ri­ni syn­lap bil­ýär­ler. Is­lan­di­ýa söw­da we jem­gy­ýet­çi­lik güý­men­je­le­ri üçin däl-de, hem­me zat­dan uzak­la­şyp, te­bi­gat­da asu­da dynç al­mak is­le­ýän­ler üçin iň go­wy ýer­le­riň bi­ri­dir.

Is­lan­di­ýa ba­ra­da gy­zyk­ly mag­lu­mat­lar:
Is­lan­di­ýa­nyň 382 müň­den gow­rak ila­ty bar. Ýur­duň ila­ty­nyň esa­sy bö­le­gi «dün­ýä­niň iň so­wuk paý­tag­ty» diý­lip ta­nal­ýan Reýk­ýa­wik şä­he­rin­de ýa­şa­ýar­.
Is­lan­di­ýa Ýer to­ga­la­gyn­da­ky iň ýaş ýer­le­riň bi­ri­dir. Mun­dan 1100 ýyl ozal açy­lan ada adam­la­ryň iň soň­ky mes­gen tu­tan ýer­le­ri­niň bi­ri hök­mün­de ta­nal­ýar.
Ada döw­le­ti­niň ýa­şaý­jy­la­ry mi­fi­ki jan­dar­la­ryň (elf, troll we beý­le­ki­ler) bar­dy­gy­na we her ýyl öý­le­re aý­lan­ýan­dy­gy­na ynan­ýar­lar. Wi­king­ler döw­rü­ne de­giş­li bu mi­fo­lo­gik ynanç en­te­gem do­wam ed­ýär.
Wul­kan lä­bi­gi bi­len gyz­dy­ry­lan ho­wuz­lar­da gy­şy­na su­wa düş­mek is­lan­di­ýa­ly­la­ryň ýoň bo­lan däp­le­ri­niň bi­ri­dir. Ýurt­da­ky ma­wy la­gun we açyk gök suw ho­wuz­la­ry­nyň gyz­gyn­ly­gy 37-40 de­re­je bo­lup, dün­ýä­niň iň meş­hur gyz­gyn çeş­me­le­ri ha­sap­lan­ýar.
Is­lan­di­ýa iki tek­to­nik plas­tin­ka­da ýer­leş­ýär. Şol se­bäp­li ada­da iş­jeň wul­kan köp.
Ýew­ro­pa­nyň iň uly buz­lu­gy Is­lan­di­ýa­da ýer­leş­ýär. Ýur­duň tut­ýan meý­da­ny­nyň 11 gö­te­ri­mi buz­luk bi­len ör­tü­len­dir. Buz­luk­lar Is­lan­di­ýa­nyň esa­sy gö­zel ýer­le­ri­niň bi­ri bo­lup, 300 tö­we­re­gi buz­lu­gyň aý­ra­tyn­lyk­da ady bar.
Is­lan­di­ýa­nyň baý­da­gyn­da­ky 3 mil­li reň­kiň öz ma­ny­sy bar. Wul­kan lä­bi­gi gy­zyl, gar we buz­luk­lar ak, um­man bol­sa gök reňk­de su­rat­lan­dy­ryl­ýar.
Is­len­dik sy­ýa­hat­çy­nyň ar­zu­wyn­da de­mir­ga­zyk yşyk­la­ry gör­mek bar bol­sa ge­rek. Is­lan­di­ýa­da sent­ýabr­dan mart aýy­na çen­li ara­lyk­da as­man­da şug­la saç­ýan reňk­le­ri syn­lap bol­ýar.
Is­lan­di­ýa­da ça­ga at dak­mak Gün­ba­tar ýurtlardaky ýa­ly däl. Bu ýurt­da ada­myň fa­mi­li­ýa­sy ka­ka­sy­nyň adyn­dan ge­lip çyk­ýar. My­sal üçin, ka­ka­sy­nyň og­ly, ka­ka­sy­nyň gy­zy. Şol se­bäp­li bu ýurt­da fa­mi­li­ýa di­ýen dü­şün­je ýok.
Is­lan­di­ýa­ly­lar wul­kan aty­lan gü­ni çö­rek bi­şi­rip paý­la­ýar­lar. Bu yrym en­çe­me ýyl bä­ri do­wam edip gel­ýär. Ada ýur­dun­da ýa­şa­ýan ça­ga­lar Aýaz­ba­ba­dan gork­ýar­lar. Se­bä­bi ol ça­ga­la­ra di­ňe bir sow­gat paý­la­man, baý­ram­çy­lyk gü­ni je­za­lan­dy­ryp hem bil­ýär.