Tomus we güýz pasyllarynda ýetişýän iň datly miweleriň biri hem üzüm bolup, witaminleriň hem-de minerallaryň baý çeşmesi hasaplanýar. Üzümiň ata Watany Ýakyn Gündogar ýurtlary hasaplanýar. Çyrmaşyp ösýän, süýji miweli agaç irki döwürlerde hasyllylygyň we bolelinligiň nyşany hasaplanypdyr. Üzümiň ýaşyl, gyrmyzy, gyzyl, gülgün, gara, ak reňkli 10 müňden gowrak görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Üzümiň şahasy bir ýylyň dowamynda ortaça 6 metre çenli ösüp bilýär. Üzüm senagat önümçiliginde hem iň köp sarp edilýän miweleriň biridir. Üzüm dürli ýaşdaky adamlar üçin iň gowy görülýän miweleriň biri bolup, bedeni birnäçe ýokumly maddalar bilen üpjün edýär.
Immuniteti güýçlendirýär. Üzüm iýmit sanawyna hökmany goşulmaly miweleriň biri hasaplanýar. Düzüminde C witaminini we mikroelementleri saklaýan bu miwe kesel howpuna garşy göreşip, bedeniň gorag ulgamyny güýçlendirýär. Geçirilen barlaglarda üzümiň beýni, aşgazan-içege bilen bagly kesellerden, şol sanda düwnük keselinden goraýandygy ýüze çykaryldy. Üzümi çigidi bilen bilelikde iýmek düwnük öýjükleriniň işini bozup, zäherli täsirleri azaltmaga ýardam edýär.
Göz üçin peýdaly. Geçirilen barlaglarda üzümiň gözüň görüş öýjüklerini Günüň zyýanly täsirinden goraýandygy ýüze çykaryldy. Üzümiň düzüminde lutein we zeaksantin ýaly göz üçin peýdaly antioksidantlar bar.
Ýüregi goraýar. Üzüm ýürek üçin peýdaly miweleriň biridir. Bu miwäniň düzümindäki K witamini öýjükleriň sagdyn gan öndürijiligini üpjün edip, ýürek bilen bagly hadysalaryň öňüni almaga ýardam edýär. Esasan hem, gyzyl üzümiň düzümindäki kaliý gan basyşyny peseldip, ýüregiň kadaly işlemegini üpjün edýär. Geçirilen barlaglarda, gyzyl üzümiň holesteriniň derejesini peseldýändigi ýüze çykaryldy.
Süňkler üçin peýdaly. Süýt önümlerinden başga-da, üzümiň süňkleriň ösüşi we sagdynlygy üçin peýdalydygy bellenilýär. Üzümiň düzümindäki kalsiý we beýleki minerallar – mis, kaliý, magniý dişleriň hem-de süňkleriň kadaly işini üpjün edýär.
Ukyny gowulandyrýar. Ukudan ejir çekýän bolsaňyz, üzüm iýmek arkaly melatoniniň (uky gormony) tebigy çeşmesini alyp bilersiňiz. Üzüm aladalary ýatdan çykarmaga hem-de uky bozulmalaryny aradan aýyrmaga kömek edýär.
Beýniniň işjeňligini gowulandyrýar. Üzümde saklanýan peýdaly birleşmeler, suw we B6 witamini nerw ulgamynda döräp biljek keselleriň öňüni alyp, beýniniň işjeňligini sazlaýar. Üzüm beýnidäki toksinleri we galyndylary aýyrmaga hem-de beýnini iýmitlendirmäge ýardam edýär. Şeýle hem ýady güýçlendirip, şähdaçyk bolmagy üpjün edýär.
Garramagy gijikdirýär. Üzüm bedenimizdäki zyýanly maddalara garşy göreşip, deriniň garramagyny gijikdirýär. Şeýle hem öýjükleri täzelemek bilen bir hatarda, deriniň ýaş we sagdyn bolmagyny üpjün edýär.
PDF








