Soň­ky ýyl­lar­da yl­ga­mak dün­ýä­de iň meş­hur sport gör­nüş­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­di. Yl­ga­mak bi­len meş­gul­la­nyp baş­lan tür­gen­le­riň iň uly ar­zu­wy ma­ra­fon ýa­ryş­la­ry­na gat­naş­mak bol­sa ge­rek. 42 ki­lo­metr 195 metr uzyn­lyk. Bu ýo­ly yl­gap geç­mek aň­sat däl. Eý­sem, ma­ra­fon ýa­ryş­la­ryn­da hut şu uzyn­ly­gyň saý­la­nyp alyn­ma­gy­nyň se­bä­bi nä­me­kä?! Nä­me üçin ma­ra­fon ýa­ry­şy te­ge­lek 42 ki­lo­metr däl-de, 195 metr goş­ma­ça ara­ly­gy hem bar?! Ge­liň, mu­ny bi­le­lik­de öw­re­ne­liň!
Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň bir­nä­çe kün­je­gin­de köp san­ly ma­ra­fon­lar ge­çi­ril­ýär. Bos­ton, Nýu-Ýork, Lon­don, Ber­lin, Çi­ka­go, To­kio we Sid­neý ýa­ly dün­ýä­niň iň meş­hur ma­ra­fon­la­ry her ýyl ýüz­ler­çe yl­gaý­jy­ny bir ýe­re jem­le­ýär. 42 ki­lo­metr 195 metr ara­lyk äh­mi­ýet­siz san ýa­ly gö­rün­se-de, mu­nuň aňyr­syn­da uly ta­ry­hy wa­ka­lar ýa­tyr.
Ga­dy­my Gre­si­ýa­dan Lon­do­na çen­li…
Ma­ra­fon ýa­ry­şy­nyň ta­ry­hy bi­ziň eý­ýa­my­myz­dan öň­ki 490-njy ýyl­la­ra uza­ýar. Ta­ry­hy mag­lu­mat­la­ra gö­rä, pars­lar bi­len afi­ny­ly­la­ryň ara­syn­da bo­lan Ma­ra­fon sö­we­şin­de grek­le­riň iň meş­hur il­çi­le­ri­niň bi­ri bo­lan Feý­dip­pid ýe­ňiş ha­ba­ry­ny ýe­tir­mek üçin Ma­ra­fon­dan Afi­na çen­li yl­gap­dyr. Grek ta­ryh­çy­sy Ge­ro­do­tyň bel­le­me­gi­ne gö­rä, Feý­dip­pid ýe­ňiş ha­ba­ry­ny ýe­tir­mek üçin däl-de, Afi­ny­dan Spar­ta kö­mek so­ra­mak üçin yl­gap­dyr. Ol iki gün­de 240-250 ki­lo­metr ýol ge­çip­dir. Şeý­le­lik­de, yl­gaw ýa­ry­şy Feý­dip­pi­diň uruş­da gör­ke­zen eder­men­lik­le­ri hem-de Ma­ra­fon sö­we­şin­de ga­za­ny­lan ýe­ňiş üçin «Ma­ra­fon» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar.
Ma­ra­fon ýa­ryş­la­ry Ga­dy­my Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň bir bö­le­gi däl­di. Ma­ra­fon ýa­ry­şy 1896-njy ýyl­da Afi­ny­da ge­çi­ri­len il­kin­ji hä­zir­ki za­man Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da gu­ral­ýar. Il­kin­ji Olim­pi­ýa ma­ra­fo­ny hä­zi­r­ki ýa­ly 42,195 ki­lo­metr däl­di. Se­bä­bi şol wagt ma­ra­fon yl­ga­wy­nyň hal­ka­ra stan­dar­ty he­niz dö­re­dil­män­di. Gre­si­ýa­nyň Ma­ra­fon se­bi­tin­den Afi­ny­da­ky Pa­na­ti­nai­kos sta­dio­ny­na çen­li, tak­my­nan, 40 ki­lo­metr­lik ýol­da ge­çi­ri­len ýa­ryş­da grek tür­ge­ni Spi­ri­don Lu­is ýe­ňiş ga­zan­dy. Ýa­ry­şyň uzyn­ly­gy soň­ky ýa­ryş­lar­da bir­nä­çe ge­zek üýt­ge­dil­di.
Hä­zir­ki wagt­da 42 ki­lo­metr 195 metr ara­lyk ma­ra­fon yl­ga­wy­nyň dün­ýä­de ka­bul edi­len stan­dar­ty­dyr. Bu ara­ly­ga il­kin­ji ge­zek 1908-nji ýyl­da Lon­don Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da yl­ga­nyl­dy. Olim­pi­ýa ma­ra­fo­ny­ny Wind­zor ga­la­sy­­nyň çä­gin­den baş­lap, Ak şä­her sta­dio­nyn­da ta­mam­la­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär­di. Ýö­ne ge­lip gow­şan ha­ýyş­la­ra gö­rä, Şa maş­ga­la­sy­nyň ça­ga­la­ry ga­la­nyň pen­ji­re­sin­den ýa­ry­şy syn­lap bil­sin­ler di­ýip, pel­le­ha­na len­ta­sy şa meý­dan­ça­sy­nyň öňün­de bol­ma­ly diý­lip üýt­ge­dil­ýär. Şeý­le­lik­de, Wind­zor ga­la­sy­nyň çä­gin­den baş­la­nan ma­ra­fon ýa­ry­şy şa meý­dan­ça­sy­nyň öňün­de ta­mam­lan­ýar. Yl­gaw ýo­lu­nyň uzyn­ly­gy 26 mil 385 ýar­da (42 ki­lo­metr 195 metr) deň bol­ýar. Ýa­ryş­da ame­ri­ka­ly tür­gen Jon Heýz al­tyn me­da­la eýe bol­ýar.
1921-nji ýy­la çen­li ma­ra­fon ýa­ryş­la­ry dür­li uzyn­lyk­da ge­çi­ril­ýär. Şol ýyl Hal­ka­ra hö­wes­jeň ýe­ňil at­le­ti­ka fe­de­ra­si­ýa­sy Lon­don ma­ra­fo­nyn­da­ky 26 mil 385 ýard uzak­ly­gy yl­gaw ýa­ry­şy­nyň stan­dart ara­ly­gy hök­mün­de res­mi taý­dan ka­bul ed­ýär. 105 ýyl mun­dan ozal bü­tin dün­ýä­de ka­bul edi­len 42,195 ki­lo­metr­lik ma­ra­fon ara­ly­gy 1924-nji ýyl­da Pa­riž­de ge­çi­ri­len to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­dan bä­ri ula­nyl­ýar.
Gyzykly Maglumatlar
Ma­ra­fon ýa­ryş­la­ry­nyň hä­zir­ki wagt­da­ky dün­ýä re­kor­dy­ny er­kek­le­riň ara­syn­da Eliud Kip­ço­ge (2:03:05), ze­nan­lar­dan Po­la Redk­liff (2:15:25) eýe­le­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da­ky iň uly ma­ra­fon 2016-njy ýyl­da Nýu-Ýork şä­he­rin­de ge­çi­ri­lip, ýa­ry­şy 50 müň­den gow­rak tür­gen ta­mam­la­dy.
Iň ga­dy­my ylgaw ýaryşy 2017-nji ýyl­da 120 ýyl­lyk ýu­bi­le­ýi­ni bel­län Bos­ton ma­ra­fo­ny­dyr.
Lon­don ma­ra­fo­ny iň gir­de­ji­li yl­gaw ýa­ry­şy ha­sap­lan­ýar.
Ma­ra­fon ýa­ry­şy­na gat­na­şan iň gar­ry adam Fau­ja Singh (100 ýa­ş) bo­lup, pel­le­ha­na­dan 8:25:16 se­kunt­da geç­me­gi ba­şar­dy.