16-njy awgustda Tailandyň Milli assambleýasynyň (paralment) wekiller palatasy tarapyndan “Phya Thai” partiýasynyň lideri Phethongthan Çinawatyň premýer-ministrlige dalaşgärligi tassyklandy.
Premýer-ministr wezipesine dalaşgär 319 kanun çykaryjy tarapyndan makullandy, 145 wekil garşy çykdy we 27-si saklandy. Ses berişlikden soň Tailandyň Milli assambleýasynyň başlygy Wan Muhamad Nor Matha “Phya Thai” partiýasynyň lideri Çinawatyň 493 kanun çykaryjynyň 319-synyň goldawyna eýe bolandygyny, onuň wezipä bellenmegi üçin zerur bolan sesden has köpüsini alandygyny habar berdi.
Senatyň wekillerine ses bermek talap edilmedi, sebäbi 2017-nji ýylyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ýokarky palata bu hukugyny ýitirdi. Çinawatyň partiýasy wekiller palatasyndaky 141 orna gözegçilik edýär, şol bir wagtyň özünde koalisiýanyň iň uly agzalary “Phumchaithai” (70), “Phalang Praçaçat” (40) we “Ruam Thai Çah Çat” (36) onuň dalaşgärligini goldaýandygyny mälim etdiler.
37 ýaşly Phetongthan Çinawat ýurduň taryhynda iň ýaş Premýer-ministr we bu wezipede ikinji zenan boldy. Ol öňki Premýer-ministr we ýurduň iň meşhur syýasatçysy Taksin Çinnawatyň (2001-2006) gyzy, şeýle hem başga bir öňki Premýer-ministr Ýinglak Çinnawatyň ýegenidir (2011-2014). Şeýlelikde “Phya Thai” partiýasynyň täze lideri Çinnawatyň maşgalasyndan Premýer-ministr bolan üçünji wekildir.
Taýlandda täze Premýer-ministriň saýlanmagy, Patyşalygyň Konstitusiýa kazyýetiniň karary bilen ýerine ýetirildi. Çünki golaýda Premýer-ministr Settha Thawisini wezipesinden çekildi.