Türkmenistanyň Futbol federasiýasy ähli çagalary begendirmek maksady bilen şu gün öz işine başlan «Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin» atly köpugurly sergä çagyrýar. Futbol federasiýasynyň saýtynda (tff.com.tm) habar berlişine görä, sergide çagalaryň futbol dünýäsine ilkinji gadamlaryny goýmagy üçin mümkinçilik dörediler. Hut, şu maksat bilen, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy sergide ýörite bölümlerini ýaýbaňlandyryldy. 19-22-nji awgust günlerinde işlejek bölüm çagalary sport bilen, şol sanda millionlaryň söýgüli oýny bolan futbol bilen dostlaşdyrmakda uly ähmiýete eýe bolar.
Bildirişde paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň «Garagum» myhmanhanasynda geçiriljek «Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin» atly köpugurly sergä hökmän gelip görmelidigi aýdylýar.
Bellenilişine görä, bu ýerde döredilen çaklaňja futbol meýdanyny ýadyňa salýan bölümde çagalar ýurdumyzyň meşhur futbolçylary bilen tanşyp, olar bilen futbol oýnap bilerler. Bu ýerde olara futbol barada, şol sanda çagalar futboly barada gyzykly gürrüňler berler.