Italiýanyň “Ýuwentus” topary transferden doýanok. Goja Sinýora lakamly klub Nikolas Gonzalesden ýene bir futbolçyny  düzümine goşdy. Turin şäheriniň wekili Portugaliýanyň “Porto” toparyndan ýarymgoragçy Fransişku Konseýsauny transfer etdi. Kärendesine baglaşylan şertnamanyň möheleti 1 ýyl bolup, “Ýuwentus” portugal klubuna kärende töleg üçin 7+3 million ýewro tölär. 21 ýaşyndaky oýunçy 2022-nji ýylda “Aýaksa” transfer bolupdy. Ýöne geçen tomusda täzeden “Porto” dolanan Konseýsau bu klubda 43 oýunda 8 gol geçirdi. Fransişkunyň kakasy, häzirki wagtda “Portonyň” tälimçisi Seržio Konseýsau Italiýada “Lasio”, “Parma”, “Inter” klublarynda oýnapdy.    

Tälimçilige Tiago Mottany bellän “Ýuwentus” şu tomusda Duglas Luizi, Kefren Turamy, Huan Kabraly, Miçele Di Gregoriany (kärendesine) hem-de Pier Kaluluny (kärendesine), Nikolas Gonzalesi (kärendesine) düzümine goşupdy.