1937-nji ýylyň 28-nji awgustynda häzirki wagtda dünýäniň iň köp awtoulag öndürýän kompaniýalarynyň biri bolan “Toyota Motors” aýratyn kompaniýa bolýar. Ondan has öň – 1926-njy ýylyň 18-nji noýabrynda Sakiçi Toýoda tarapyndan “Toyoda Automatic Loom Works, Ltd” kompaniýasy esaslandyrylýar. Bu kompaniýa ilkibaşda awtomatlaşdyrylan dokma stanoklaryny öndürýär. 1933-nji ýylda kompaniýanyň awtoulag böleklerini öndürýän bölümi açylýar. Bu bölüm 1934-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda nusgalyk görnüşdäki ilkinji awtoulag hereketlendirijisini öndürýär. Şol ýylyň maý aýynda kompaniýanyň ilkinji awtoulagy “A1” peýda bolýar. 1935-nji ýylyň awgust aýynda bolsa ilkinji ýük ulagyny işläp taýýarlaýar. Kompaniýanyň ýolagçy we ýük ulaglary şol döwürler bazary tutuşlygyna diýen ýaly eýeleýän “Ford” hem-de GM amerikan kompaniýalarynyňkydan arzan bolýar. Häzirki wagtda ýapon brendi her ýylda 10 million töweregi awtoulag satyp, bu ugurda birinji orny eýeleýär.
Kompaniýanyň merkezi edarasy ýuduň Aiti prefekturasyndaky Toýota şäherinde ýerleşýär.