Suwuň ýaşaýşyň çeşmesidigi hemmämize mälim. Suwuň ýok ýerinde ýaşaýyş ýok. Bu ähli jandarlara-da degişlidir. Hatda beýleki planetalarda ýaşaýşyň bardygyny ýa-da ýokdugyny bilmek üçin ol ýerden suw gözleýärler. Eýsem, dünýä döräli bäri akyp duran derýalar, sowuk suwly çeşmeler ekin meýdanlaryny suwarmakda, agyz suwy hökmünde ulanylýan hem bolsa gutarmaýar. Munuň sebäbi peýdalanylan suwuň tebigy ýagdaýda arassalanyp, gaýtadan akmagy hadysasydyr. Ýer ýüzünde ummanlarda, deňizlerde, köllerdir derýalaryň suwy bugaryp, ygal görnüşinde ýagýar. Ýagny ýere gaýdyp gelýär. Şeýle-de ýerasty suwlar hem tebigy ýagdaýda arassalanýar we deňizlere, köllere çogup çykýar. Ýerasty suwy dürli usullar arkaly dürli maksatlar üçin hem alynýar. Suwuň tebigy ýagdaýda arassalanmagy bilen, ony sansyz gezek ulanyp bolýar.
Adatça, suw ygal, siňmek, akmak we bugarmak arkaly arassalanýar. Bularyň iň esasysy suwuň bugarmak arkaly öz aýlawyny dowam etdirmegidir. Yssy howanyň täsiri hem-de ýeliň döredýän tolkunynyň suwy kenara urmagy netijesinde ol bugarýar. Ol bulutlary emele getirýär we howa akymynyň täsiri bilen ygala, ýagny ýagşa ýa-da gara öwrülip, ýere gaýdyp gelýär. Ygalyň görnüşini howanyň ýylylygy kesgitleýär.
Şeýle hem Ýer ýüzündäki suw topragyň aşagyna siňip, ýerasty akymlary emele getirýär. Topragyň görnüşi we gatlaklary näderejede suwuň nähiliräk syzjakdygyny kesgitleýär. Ýagyş aşa köp ýagsa ýa-da yzygiderli suw akýan hanalaryň aşagyndaky toprak belli bir wagtdan soňra hemişelik ýa-da wagtlaýyn akar suwy emele getirýär. Şeýle ýagdaýda bu akar suw deňizlere ýa-da köllere guýýarlar. Şeýlelikde, ähli jandarlar tarapyndan yzygiderli peýdalanylýandygyna garamazdan, suw akmagyny, ýagyş ýagmagyny dowam edýär.