1895-nji ýylyň 31-nji awgustynda nemes oýlap tapyjysy, harby gullukçysy, konstruktor Ferdinand fon Seppelin gezelenç ballonyna – dirižabla patent alýar. Bu howa gämisi içine ýeňil gaz doldurylan äpet howa şary bolup, ony girjek ugruňa gönükdirip bolýar. Dirižabl sözi fransuzçadaky “dirigeable” sözünden emele gelip “dolandyryp bolýan” diýmegi aňladýar. Günbatar ýurtlarynyň köpüsinde bolsa bu howa gämisi onuň tapyjysynyň (zeppelin) adyny göterýär. Ilkibaşda dürli maksatlar bilen ulanylan dirižabllar häzirki wagtda ýük we ýolagçy gatnawy üçin o diýen amatly bolman, gezelenç maksady bilen ulanylýar.