Şokolady uludan kiçä hemmeler halaýan bolsa gerek. Emma soňky ýyllarda guraklyk sebäpli bu önümi taýýarlamak üçin gerek bolan kokoslar öňküsi ýaly hasyl bermeýär. Bu bolsa, iň geçginli önümiň bahasynyň gymmatlamagyna getirýär. Şokolad kokos agajynyň ululygy tas kädiniňkä barabar miwesiniň içindäki dänelerden öndürilýär. Bu miwäniň gabygy we içindäki suwly eti bolsa zyňylýar. Şweýsariýanyň azyk senagatynda işleýän hünärmenler kakao miwesiniň hemme ýerini ulanyp, şokolad öndürmegiň usulyny oýlap tapdylar. Üstesine şeýle usulda şokolad öndürilende oňa şeker goşmak hem hökman däl. Sýurisdäki Federal tehnologiýa institutynda zähmet çekýän Kim Mişra we onuň ýolbaşçylyk edýän toparynyň oýlap tapan usulyna görä, kakao miwesiniň löti, suwy we eti şokolad öndürmekde peýdalanylýar. Mişra miwäniň suwunyň ananasyňka meňzeş tagamynyň bardygyny belleýär. Miwäniň suwunyň düzüminde bolsa 14 göterim şeker bar. Oýlanyp tapylan usula görä, kakao miwesiniň suwundan ergin taýýarlanyp, löti bilen garylýar. Kakao miwesiniň guradylan eti bolsa bu garynda goşulýar. Netijede, örän süýji kakao geli emele gelýär. Bu gel şokolad önümçiliginde ulanylýan şekeri aradan aýyrmaga mümkinçilik berýär. Mişra bu usulyň şweýsar şokolad öndürijileriniň taryhy önümçilik ýolunyň soňkusy hasap edýär.
Ýurduň belli şokolad öndüriji maşgalalarynyň biri bolan Rudolf Lindt XIX asyrda şokoladyň häzirkä meňzeş görnüşini tötänleýin tapýar. Ol bir gün gije ýatanda garyşdyryjy maşyny öçürmegi ýadyndan çykarýar. Birnäçe sagat garylan kakao däneleriniň düzümindäki kislotanyň möçberi azalyp, üýtgeşik tagam berýär. Bilermenler kakao miwesiniň ählisini şokolad senagatynda peýdalanmagyň birnäçe meseläniň öňüni almaga ýardam etjekdigini belleýärler.
Şweýsariýada her ýyl 200 müň tonna şokolad öndürilýär.