Şu günler eziz Diýarymyzda bagtyýar ulus-ilimiz beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygyny ajaýyp zähmet üstünliklerine beslemäge taýýarlyk görýär. Bu şanly senäniň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçiriler. Bu asylly ýörelge halkymyzyň milli döwletliligini, mertebesini has-da şöhratlandyryp, Garaşsyzlygyň türkmen üçin mukaddesdigini, bahasyz gymmatlykdygyny, oňa bolan mizemez garaýşyny ýene-de bir ýola dünýä äşgär eder. Halk Maslahaty Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň we jemgyýetdäki durmuş gatlaklarynyň bähbitlerini sazlaşdyrmak bilen, ýurt derejesinde bilelikdäki hereketi guraýjy güýç hökmünde çykyş edýär. Halka daýanyp, halkyň hatyrasyna beýik işleri durmuşa geçirýän Türkmenistanyň Halk Maslahaty barha berkidilýän milli döwletlilik ýörelgelerimizi bütin dünýäde dabaralandyrýar.
Halk Maslahaty ata-babalarymyzyň köp asyrlaryň dowamynda toplan taryhy tejribesini özünde jemleýär. Halkymyz hemişe ýaşuly nesle aýratyn hormat bilen garap, il-ýurt bähbitli işlerde olaryň baý durmuş tejribesine daýanypdyr we maslahatly çözgütleri kabul edipdir. Täze taryhy döwrümizde hem döwletiň durmuşyndaky wajyp meseleler jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň wekilleri, şol sanda ýaşuly nesliň wekilleri bilen maslahatlaşyp çözülýär. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine berk eýerilýändiginiň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň we durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, maslahatlary bermek, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze döwürde beýik özgerişler ýoly bilen depginli ösmegine, has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek, hyzmat etmek bolup durýar.
Halk Maslahaty döwlet bilen jemgyýetiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berk köprüsi bolmak bilen, döwlet ösüşiniň iň möhüm wezipeleri, jemgyýetçilik durmuşynyň döwrüň talaplaryna görä özgerdilmeginiň ugur-ýollary baradaky anyk çözgütleri kabul etmegiň münberi bolup durýar. Bu umumymilli forumyň mejlislerine gatnaşýan ýaşulular, ýaşlar, jemgyýetiň dürli gatlaklaryna wekilçilik edýän adamlar berkarar döwletiň ösüş ýollarynyň täze wezipelerine çuň düşünmek bilen, olary ýerine ýetirmegiň jogapkärçiligini ýürekden duýup, halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde, nesilleriň ygtybarly geljeginiň berk binýadyny döretmekde döwletimiziň mümkinçilikleriniň uludygyna göz ýetirýärler.
Halk Maslahatynyň işi jemgyýetçilik pikiriniň hasaba alynmagyna esaslanyp, döwletimizi syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmäge degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga, içeri we daşary syýasaty halkymyza düşündirmäge, wagyz etmäge hem-de durmuşa geçirmäge ýardam berýär. Jemgyýeti jebisleşdirmekde, döredijilikli, işjeň we özgerdiji işe ruhlandyrmakda onuň orny uludyr. Şoňa görä-de, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýunyň bosagasynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisi şanly ýylyň şöhratly wakalarynyň üstüni ýetirer.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ählitaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen durmuş-ykdysady özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär, halk hojalygynyň ähli ugurlarynda belent sepgitlere ýetilýär, ajaýyp üstünlikler gazanylýar, halkymyzyň durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Ýakynda boljak Halk Maslahatynyň mejlisinde döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyna degişli wajyp meselelere garaljakdygyna, munuň bolsa döwletimiziň bedew batly ösüşlerine has-da rowaçlyk berjekdigine berk ynanýarys.
Ogulmeňli Anjykowa,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň kompýuter ulgamlary we torlary kafedrasynyň mugallymy.