Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesle döwrebap derejede bilim hem-de terbiýe bermek babatdaky başlangyçlary, durmuşa geçirýän möhüm özgertmeleri öz miwesini eçilýär.
Häzirki döwürde türkmen jemgyýetiniň barha kämilleşýän we döwrebaplaşýan şertlerinde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi üçin dünýä tejribesiniň öňdebaryjy gazananlaryny özünde jemleýän bilim syýasaty üstünlikli alnyp barylýar. Şu maksat bilen ylmy-tehniki ösüşlere, iň täze tehnologiýalara, öňdebaryjy innowasiýalara daýanyp, bagtyýar ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almagy, saýlan hünärleriniň eýesi bolmagy, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Täze 2024–2025-nji okuw ýylynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Bu şanly güne çagalar baglaryna gatnaýan körpejelerden başlap, okuwçylardyr talyplar, ylym-bilim edaralarynyň işgärleri, mugallymlardyr terbiýeçiler, ata-eneler sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Gahryman Arkadagymyzyň ylym-bilimiň ösüşleri babatda aýdan çuň manyly jümleleri her bir bilim işgäri üçin ýol görkezijidir. Ylym hem-de bilim adamzadyň bezegidir. Ähli döwürlerde beýik işler, beýik özgerişler ylmyň we bilimiň güýji bilen amala aşyrylypdyr. Ylma, döredijilige, zehine üns berilýän ýurt elmydama ösüşde, özgerişde, galkynyşda bolupdyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň pähim-parasadynyň, taýsyz tagallalarynyň netijesinde berkarar Diýarymyz ylymlar we bilimler mekanydyr.
Geçen sanlyja ýylyň içinde ýurdumyzda ençeme täze döwrebap çagalar baglary, orta we ýörite orta, ýokary okuw mekdepleri, kitaphanalar guruldy, öňden bar bolanlary döwrebaplaşdyryldy, kämil tehniki enjamlar, kompýuterler we kitaplardyr gollanmalar bilen üpjün edildi. Şu günler bolsa ýurdumyzyň ähli umumybilim berýän orta mekdepleri, çagalar baglary täzeden abadanlaşdyrylyp, täze okuw ýylyna doly taýýar edildi. Owadan hem ýagty, doly enjamlaşdyrylan synp otaglary okuwçylardyr körpelere garaşýar.
Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan kemala gelen umumadamzat ähmiýetli taglymatlar, parasatly öwüt-nesihatlar, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan beýik işler ýaş nesliň bilim-terbiýe almagyna, hünär öwrenmegine, döredijilige ugrukmagyna, Watana, halka, milli ýörelgelerimize ygrarly bolup kemala gelmegine ýardam berýär. Gahryman
Arkadagymyzyň 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçiren umumy sapagy bilim ulgamynyň işgärleri, mugallymlar we terbiýeçiler, ata-eneler, tutuş jemgyýetimiz üçin göreldelik we terbiýeçilik ähmiýete eýedir.
Täze okuw ýylynda hem Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk işleriniň mysalynda ýaş nesle milli terbiýeçilik däpleriniň iň gowy nusgalary esasynda watançylyk terbiýesi berlip, bu babatda netijeli işler alnyp barlar.
Gülşirin ATAGELDIÝEWA,
Ahal welaýatynyň Tejen etrap polisiýa bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölümçesiniň müdiri, polisiýanyň maýory.