Mälim bolşy ýaly, geçen hepde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Mejlisde mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyny guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hem hasabat berildi.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, tä­ze okuw ýy­ly­nyň öňü­sy­ra­syn­da okuw­çy­lar we ta­lyp­lar üçin ze­rur bo­lan ha­ryt­la­ryň söw­da­sy­ny gu­ra­mak bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler ge­çi­ril­ýär. Söw­da no­kat­la­ryn­da okuw es­bap­la­ry­ny ila­ty­my­za hö­dür­le­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Mej­lis­de hor­mat­ly Prezidentimiz ila­ty­my­zyň dür­li gör­nüş­li mek­dep ha­ryt­la­ry­na bo­lan is­leg­le­ri­ni öw­re­nip, tä­ze okuw ýy­ly­na taý­ýar­lyk bi­len bag­ly göç­me söw­da no­kat­la­ry­ny gu­ra­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ugur­da taý­ýar­la­ny­lan tek­li­bi gol­dap, de­giş­li iş­le­ri ge­çir­me­gi tab­şyr­dy. Şeý­le­lik­de, er­tir mek­dep ba­zar­la­ry iş­läp baş­lar, mek­dep ha­ryt­la­ry­nyň sa­tuw-söw­da­sy ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da we et­rap­la­ryn­da, Aş­ga­bat, Arkadag şä­her­le­rin­de 1-nji aw­gust­dan 5-nji sent­ýab­ra çen­li gu­ra­lar.
Ýur­du­myz­da söw­da no­kat­la­ry­ny okuw es­bap­la­ry, okuw­çy we sport egin-eşik­le­ri, aýak­gap­lar bi­len üp­jün et­mek üçin ýur­du­my­zyň önüm ön­dü­ri­ji­le­ri, ha­ryt ge­ti­ri­ji­ler bi­len hyz­mat­daş­lyk et­mek esa­syn­da de­giş­li iş­ler ama­la aşy­ryl­dy. San­ly ul­ga­my ös­dür­mek, ila­ta döw­re­bap hyz­mat­la­ry ýo­la goý­mak mak­sa­dy bi­len, elekt­ron söw­da dü­kan­la­ry­ arkaly bu ha­ryt­la­ry hal­ka hö­dür­le­mek hem-de el­tip ber­mek hyz­mat­la­ry hem ýo­la goý­lar.
Ylym we bi­lim is­len­dik döw­le­tiň we jem­gy­ýe­tiň ös­me­gi­niň, şol san­da ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy, ylym-bi­lim kuw­wa­ty­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň esa­sy hem-de mö­hüm şer­ti­dir. Ylym we bi­lim ul­ga­my­ny top­lum­la­ýyn ös­dür­mek, ony hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kar­mak hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Şo­nuň üçin hem Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ägirt uly me­ýil­na­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge ukyp­ly ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­ga gö­nük­di­ri­len iş­le­re, bi­lim eda­ra­la­ry­ny ze­rur okuw es­bap­la­ry, döw­re­bap okuw-teh­ni­ki en­jam­la­ry bi­len üp­jün et­mek me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär.
Tä­ze okuw ýy­ly­na taý­ýar­lyk gör­ýän okuw­çy­lar­dyr ta­lyp ýaş­lar, ak mek­de­biň bo­sa­ga­syn­dan il­kin­ji ge­zek ät­le­jek kör­pe­le­riň ene-ata­la­ry mek­dep ba­zar­la­ryn­dan, ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­kan­lar­dan ge­rek­li okuw es­bap­la­ry­ny sa­tyn alar­lar. Bu ýer­ler­de okuw es­bap­la­ry­nyň dür­li gör­nüş­le­ri­ hödürlenýär. Mek­dep okuw­çy­la­ry­dyr ta­lyp ýaş­lar üçin ni­ýet­le­nen okuw es­bap­la­ry özü­niň köp­dür­lü­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ola­ryň ara­syn­da og­lan­lar we gyz­lar üçin ýo­ka­ry hil­li ma­te­ri­al­lar­dan ön­dü­ri­len ýan­tor­ba­lar, ýur­du­my­zyň ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri, paý­tag­ty­my­zyň owa­dan bi­na­la­ry­nyň şe­kil­le­ri bi­len be­ze­len dep­der­ler we beý­le­ki okuw es­bap­la­ry bar. Dür­li okuw ders­le­ri­ne ni­ýet­le­nip ön­dü­ri­len dep­der­ler, şeý­le hem söz­lük­dir kar­ta­lar ýaş­la­ryň oku­wa bo­lan hö­we­si­ni art­dyr­ýar. Okuw es­bap­la­ry­nyň äh­li­si­ni mek­dep ba­zar­la­ryn­dan we ýö­ri­te dü­kan­lar­dan el­ýe­ter­li ba­ha­dan sa­tyn al­ma­ga hem­me müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di­len.
Bi­ziň «Ga­lam» dü­ka­ny­myz hem in­di bir­nä­çe ýyl bä­ri kan­sel­ýa­ri­ýa ha­ryt­la­ry, okuw es­bap­la­ry, baý­ram­çy­lyk­lar we bel­li se­ne­ler üçin sow­gat­lyk­lar sa­tyl­ýan iň uly dü­kan­la­ryň bi­ri bo­lup, ila­ty­my­za ýo­ka­ry de­re­je­de hyz­mat edip gel­ýär hem-de ýyl-ýyl­dan öz işi­ni kä­mil­leş­di­rip, hyz­mat­la­ryň ge­ri­mi­ni gi­ňeld­ýär. Ýur­du­myz­da dö­re­dil­ýän müm­kin­çi­lik­ler mil­li bi­lim ul­ga­my­ny dün­ýä de­re­je­si­ne çy­kar­ma­ga, ýaş­la­ryň saz­la­şyk­ly ös­me­gi­ne uly iter­gi ber­ýär. Ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my­ny ösü­şiň şeý­le ýo­ka­ry de­re­je­le­ri­ne çy­kar­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­re­den Gah­ry­man Arkadagymy­zyň,
Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak, il-ýurt bäh­bit­li tu­tum­ly iş­le­ri he­mi­şe ro­waç bol­sun.

Döwlet ÖWLÝAGULYÝEW,
telekeçi, Aşgabat şäheriniň Halk Maslahatynyň agzasy.