Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ata Wa­ta­ny­my­zy, mäh­ri­ban hal­ky­my­zy röw­şen gel­je­ge, be­lent sep­git­le­re alyp bar­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da döw­le­ti­mi­ziň ba­ky ber­ka­rar­ly­gy­nyň hem-de hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy­nyň mi­ze­mez ke­pi­li bo­lan mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 33 ýyl­lyk baý­ra­my uly da­ba­ra­la­ra bes­le­nip bel­le­nil­ýär. Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­mi­ze buý­sanç dö­red­ýän, şöh­rat­ly geç­mi­şi­mi­ze, nu­ra­na gel­je­gi­mi­ze yna­my go­şa­lan­dyr­ýan be­ýik baý­ram­dyr. Ga­raş­syz­lyk mil­le­tiň we döw­le­tiň yk­ba­ly­na ägirt uly tä­sir ed­ýän mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zyň naý­ba­şy­sy­dyr. Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my pe­der­le­ri­mi­ziň wes­ýet eden yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­ri­niň do­ly dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň, ga­raş­syz döw­let, ada­lat­ly jem­gy­ýet ha­kyn­da en­çe­me asyr­lap edip ge­len ar­zuw­la­ry­nyň wy­sal bo­lan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Şu nuk­daý­na­zar­dan, ar­şyň al­tyn şug­la­sy­na, tyl­la Gü­nüň nu­ru­na de­ňel­ýän Ga­raş­syz­lyk mu­kad­des dü­şün­je­dir. Çün­ki yk­ba­ly çü­wüp, bag­ty gö­te­ri­len her bir yn­san­da wa­tan­çy­lyk duý­gu­sy­ny ös­dür­ýän bu ke­rem­li söz özün­de ägirt uly ma­ny-maz­mu­ny jem­le­ýär. Mer­da­na ata-ba­ba­la­ry­myz­dan bi­ze mi­ras ga­lan eziz Wa­ta­ny­my­zyň şöh­rat­ly geç­mi­şi­ne, şu gü­nü­ne we be­ýik gel­je­gi­ne düýp­li dü­şün­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän bu gud­rat­ly söz mil­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­ly­gy­nyň göz­ba­şy­dyr.

Ga­raş­syz­lyk ýurt ber­ka­rar­ly­gy­my­zyň sars­maz sü­tü­ni­dir, er­ka­na­ly­gy­my­zyň mä­käm bi­na­sy­dyr. Ga­raş­syz­lyk mil­le­ti­mi­ze eg­sil­mez güýç ber­ýän, ne­sil­le­re ynam ber­ýän gud­rat­dyr. Ine, mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şu aý­ra­tyn­lyk­la­ry ba­ra­da oý­la­na­nyň­da kal­by­ňy: «Ga­raş­syz­lyk – yk­ba­ly gö­te­ri­len türk­me­niň bag­ty­nyň al-as­man­da ga­nat ýaý­ma­sy!» di­ýen buý­sanç­ly owaz gap­lap al­ýar. Mu­kad­des Garaşsyzlygymyzyň tyl­la­ýy sä­he­rin­den baş­lan­ýan toý­dur baý­ram­la­ra bes­len­ýän bag­ty­ýar, bagt­ly, şat­lyk­ly gün­le­ri­miz bi­ri-bi­ri­ne zyn­jyr ki­min sep­le­şip, her bir türk­me­nis­tan­ly­ny bagt­ly gel­je­gi­ne sa­ry ynam­ly alyp bar­ýar. Bagt ýol­la­ryn­dan bat­ly ga­dam­lar bi­len bar­ýan türk­men hal­ky­nyň yk­ba­ly mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň ýyl­la­ry için­de ta­nal­maz de­re­je­de öz­ger­di.
Şöh­rat­ly Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň il­kin­ji gün­le­rin­den ýur­du­myz pa­ra­hat­çy­ly­gy, dost-do­gan­ly­gy da­ba­ra­lan­dyr­ýan oňyn Bi­ta­rap­lyk ýo­lu­ny saý­lap al­mak bi­len, dün­ýä döw­let­le­ri, hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­dy. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan yk­rar edi­len he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si Ga­raş­syz ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň öze­ni­ni düz­di. Ga­raş­syz­ly­gy bi­len he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­ny go­şa ga­na­ty­na öw­ren türk­men döw­le­ti asyr­la­ra ba­ra­bar ösüş­le­ri ga­za­nyp, dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ni haý­ra­na goý­ýar. Ga­raş­syz türk­men döw­le­ti­niň yk­dy­sa­dy gal­ky­ny­şy türk­men gud­ra­ty ady bi­len ta­ry­ha gir­ýär.
Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň iň tä­ze ta­ry­hy, ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­mi­ziň hem-de ösüş­le­ri­mi­ziň äh­li­si mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­myz­dan göz­baş al­ýar. Ta­ryh üçin gys­ga bo­lan dö­wür­de ata Wa­ta­ny­myz Türk­me­nis­tan ösü­şiň de­mok­ra­tik ýo­lu­na gy­şar­nyk­syz eýer­ýän­di­gi­ni, dün­ýä­niň äh­li döw­let­le­ri bi­len deň­hu­kuk­ly, dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ra, iki ta­ra­pa-da bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­ga yg­rar­ly­dy­gy­ny tas­syk­la­dy. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry için­de ýur­du­myz kuw­wat­ly we aba­dan döw­let hök­mün­de dün­ýä­dä­ki ab­ra­ýy­ny has-da ber­ki­dip, dün­ýä­niň ösen döw­let­le­ri­niň ha­ta­ry­na go­şu­lyp, hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň deň­hu­kuk­ly ag­za­sy­na öw­rül­di. Ga­raş­syz Wa­ta­ny­myz yg­ty­bar­ly, açyk, howp­suz­ly­gy ke­pil­len­dir­ýän hyz­mat­da­şa, pa­ra­hat­çy­ly­gyň mer­ke­zi­ne öw­rü­len, umu­ma­dam­zat bäh­bit­li baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­ýän döw­le­te öw­rül­di.
Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Di­ýa­ry­my­zyň oba­dyr şä­her­çe­le­ri­ni, et­rap mer­kez­le­ri­ni, şä­her­le­ri­ni syn­la­nyň­da er­te­le­ri­mi­ziň nu­ra­na, gel­je­gi­mi­ziň ýag­ty bol­jak­dy­gy­na yna­my­myz has-da ber­ke­ýär. Hormatly Prezidentimiziň dur­mu­şa ge­çir­ýän giň ge­rim­li öz­gert­me­le­ri, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ry­nyň san­ly­laş­dy­ryl­ma­gy döw­le­ti­mi­ziň dur­nuk­ly dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­ni üp­jün edip, hal­ky­my­zyň hal-ýag­da­ýy­ny düýp­li ýo­kar­lan­dyr­ýar.
Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şöh­rat­ly ýyl­la­ry için­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň kuw­wat­lan­ma­gy­nyň ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek di­ňe bir umu­my­mil­li we se­bit­le­ýin äh­mi­ýet­li däl-de, eý­sem, hal­ka­ra äh­mi­ýet­li iri tas­la­ma­la­ra ba­dal­ga ber­lip, olar üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ama­la aşy­ryl­ýan bu tas­la­ma­lar yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň esa­sy pu­dak­la­ry­nyň döw­re­bap ýag­da­ýa ge­ti­ril­me­gi­ni, ola­ryň öň­de­ba­ry­jy teh­ni­ka­lar we teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len en­jam­laş­dy­ryl­ma­gy­ny, se­na­ga­tyň we halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li pu­dak­la­ry­nyň til­si­mat taý­dan tä­ze­den en­jam­laş­dy­ryl­ma­gy­ny üp­jün et­di.
Ýur­du­myz­da yk­dy­sa­dy öz­gert­me­ler «Berkarar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy: Türk­me­nis­ta­ny 2022–2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li Mak­sat­na­ma­sy» esa­syn­da dur­mu­şa or­naş­dy­ry­lyp, top­lum­la­ýyn we kö­pu­gur­ly hä­si­ýe­te eýe­di­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Bu Mak­sat­na­ma la­ýyk­lyk­da, halk ho­ja­ly­gy­nyň ne­ti­je­li­li­gi­ni hem­me­ta­rap­la­ýyn ýo­kar­lan­dyr­mak ýur­du­my­zyň içer­ki ba­zar­la­ryn­da uly is­leg­den peý­da­lan­ýan we dün­ýä ba­za­ryn­da bäs­le­şi­ge ukyp­ly önüm­çi­li­gi döw­re­bap ös­dür­mek, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ry­ny de­ňe­çer ös­dür­mek, ola­ry çig mal­lyk mak­sat­lar­dan taý­ýar önüm ön­dür­mä­ge ug­ruk­dyr­mak, se­na­gat­da we oba ho­ja­ly­gyn­da gaý­ta­dan iş­le­ýän önüm­çi­lik­le­ri ös­dür­mek, trans­mil­li ulag ara­gat­na­şyk­la­ry­ny, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň er­kin te­le­ke­çi­lik zo­lak­la­ry­ny, hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­lyk zo­lak­la­ry­ny dö­ret­mek ar­ka­ly ýur­duň amat­ly geo­sy­ýa­sy ýag­da­ýy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni dün­ýä­niň ho­ja­lyk gat­na­şyk­la­ry­na iş­jeň goş­mak mak­sat edi­nil­ýär. Öň­de goý­lan be­lent mak­sa­da ýet­mek, döw­re­bap we­zi­pe­le­re amal et­mek bo­ýun­ça di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak we dü­züm taý­dan üýt­ge­dip gur­mak, in­dust­ri­al-in­no­wa­si­on taý­dan ös­dür­mek esa­syn­da yk­dy­sa­dy­ýe­ti döw­re­bap­laş­dyr­mak, te­bi­gy baý­lyk­la­ry re­je­li peý­da­lan­mak, se­na­gat we oba ho­ja­lyk önüm­çi­li­gi­ni in­ten­siw ös­dür­mek, gaý­ra­go­ýul­ma­syz dur­muş me­se­le­le­ri­ni çöz­mek ar­ka­ly ýur­duň se­bit­le­ri­ni dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan yzy­gi­der­li ös­dür­mek, halk ho­ja­ly­gy­ny do­lan­dyr­ma­gyň tu­tuş­la­ýyn, çe­ýe we ne­ti­je­li ul­ga­my­ny dö­ret­mek, pul-karz, sal­gyt-býu­jet we nyrh­lar sy­ýa­sa­ty­ny kä­mil­leş­dir­mek, yk­dy­sa­dy­ýe­ti ma­li­ýe taý­dan sag­dyn­laş­dyr­mak ýa­ly esa­sy ugur­lar bo­ýun­ça iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan giň ge­rim­li iş­ler, dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýan halk bäh­bit­li Ka­rar­lar ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­ri­ni deň de­re­je­de, di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mä­ge, hal­kyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry bi­len ka­bul edi­len il-ýurt bäh­bit­li mak­sat­na­ma­lar, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň adam ha­kyn­da­ky ala­da ýug­ru­lan Per­man­la­ry­dyr Ka­rar­la­ry mer­da­na hal­ky­my­zy tä­ze zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ne ruh­lan­dyr­ýar. Çün­ki, bu sa­ha­wat­ly çöz­güt­ler ýur­du­my­zyň halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li pu­dak­la­ryn­da düýp­li ösüş­le­ri ga­zan­mak­da, dün­ýä ba­za­ryn­da bäs­le­şi­ge ukyp­ly önüm­le­ri ön­dür­mek­de, ata Wa­ta­ny­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny has-da pug­ta­lan­dyr­mak­da ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak çöz­güt­ler­dir. Dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­le­ri­ni syn­la­ny­myz­da hormatly Prezidentimiziň alyp bar­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mäh­ri­ban hal­ky­my­za we Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­za bo­lan eg­sil­mez söý­gä ýug­ru­lan tag­ly­mat­dy­gy­na do­ly göz ýe­tir­ýä­ris. Bu tag­ly­ma­tyň aý­ra­tyn hem ýaş­lar­da iň asyl­ly hä­si­ýet­le­ri – wa­tan­sö­ýü­ji­li­gi, ah­lak aras­sa­ly­gy­ny, ru­hu­be­lent­li­gi ter­bi­ýe­le­mä­ge we bi­le­si­ge­li­ji bol­ma­ga ça­gyr­ýan tag­ly­mat­dy­gy gu­wan­dy­ry­jy ha­ky­kat­dyr.
Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň nu­ra­na şug­la­sy as­tyn­da pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji, hoş­ni­ýet­li we yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­re eýer­ýän, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk et­me­gi ile­ri tut­ýan Wa­ta­ny­my­zyň dün­ýä­dä­ki at-ab­ra­ýy bar­ha ýo­kar­lan­ýar. Ga­raş­syz, Di­ýa­ry­myz Ýer ýü­zü­niň halk­la­ry­nyň dost-do­gan­ly­ga, aba­dan­çy­ly­ga, pa­ra­hat­çy­ly­ga ym­tyl­ýan döw­rün­de di­ňe mil­li bäh­bit­le­ri­mi­ze däl, eý­sem, hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi­niň äh­lu­mu­my mak­sat­la­ry­na la­ýyk gel­ýän giň hyz­mat­daş­lyk sy­ýa­sa­ty­ny ýö­red­ýän he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­let­dir. Ga­raş­syz döw­le­ti­miz dün­ýä­niň ösü­şi­niň tä­ze şert­le­ri­ni, mil­li we umu­ma­dam­zat bäh­bit­le­ri­ni na­za­ra alyp, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy alyp bar­ýar.

Aý­je­ren TA­GAN­DUR­DY­ÝE­WA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.