Is­pan­la­ryň mil­li sport gör­nü­şi bo­lan öküz ýa­ryş­la­ryn­da äpet şah­ly jan­dar­laryň gy­zyl ýa­pyn­ja­ny süs­mek üçin bat­ly to­pul­ýan­dy­gy­ny gö­ren bol­sa­ňyz ge­rek. Hat­da meý­dan­ça çy­kan öküz­ler gy­zyl ýa­pyn­ja­ny gö­ren­le­rin­de «ak­lyn­dan azaş­ýar­lar». Bu wa­ka­lar «Fer­di­nand» mult­fil­min­de hem has anyk we gy­zyk­ly be­ýan edil­ýär. Eý­sem, ha­ky­kat­dan hem gy­zyl reňk öküz­le­re tä­sir ed­ýär­mi?

Jan­ly-jan­dar­la­ryň kö­pü­sin­de sü­ri­ni ýa-da maş­ga­la­sy­ny er­ke­gi go­ra­ýar. Süý­dem­di­ri­ji­le­riň er­kek jyns­ly­sy has duý­gur we ga­har­jaň bol­ýar. Jan­ly-jan­dar­la­ryň kö­pü­si özü­ne de­giş­li çä­ge ke­se­ki­le­ri sal­maz­lyk üçin bi­ri-bi­ri bi­len gö­reş­ýär­ler. Bu ýag­daý öküz­ler­de hem şeý­le bo­lup, köp­lenç ot­la­ýan meý­da­ny­ny we sü­ri­ni go­ra­mak üçin sü­süş­ýär­ler. As­lyn­da öküz­ler gy­zyl reň­ki bi­ziň gör­şü­miz ýa­ly saý­ga­ryp bil­me­ýär­ler. Se­bä­bi öküz­le­riň gö­zün­de gy­zyl reň­ki kes­git­läp bil­ýän öý­jük­ler ýok. Şol se­bäp­li bu jan­dar­lar gy­zyl, ýa­şyl ýa­ly reňk­le­ri saý­gar­ma­ýar­lar. Gy­zyl reňk öküz­le­re sa­ry bi­len çal reň­kiň ga­ryn­dy­sy ýa­ly bo­lup gö­rün­ýär.
Öküz­ler bi­len bag­la­ny­şyk­ly mag­lu­mat­la­ry aň­ry­ýa­ny bi­len bil­ýän ma­ta­dor­lar (öküz bi­len gö­reş­ýän adam) bu jan­da­ryň ga­ha­ry­ny ge­tir­mek üçin dür­li emel­le­ri ulan­ýar­lar. Bir­nä­çe ge­zek gam­çy de­gen­den soň öküz meý­dan­ça­nyň için­de yl­gap baş­la­ýar. Şol wagt ma­ta­dor äpet şah­ly jan­da­ryň öňün­den çy­kyp, gy­zyl ýa­pyn­ja­ny eý­läk-beý­läk ed­ýär. Öküz ýa­pyn­ja ta­rap to­pul­ýan ýa­ly bo­lup, kä ge­çip gid­ýär, kä­te bol­sa ýa­pyn­ja­ny süs­ýär. Bu ýag­daý ökü­ziň gy­zyl reň­ki ha­la­ma­ýan­dy­gy bi­len bag­ly bol­man, gam­çy­la­nyp ga­ha­ry­nyň ge­ti­ril­me­gi hem-de mej­bur­lyk bi­len bag­ly­dyr.
Is­pa­ni­ýa­da ýoň bo­lan adam bi­len ökü­ziň ara­syn­daky ba­şa-baş sö­weş­le­re soň­ky ýyl­lar­da çäk­len­dir­me­ler gi­ri­zil­ýär. Öküz ýa­ryş­la­ryn­da ma­ta­dor­la­ryň ulan­ýan gy­zyl ýa­pyn­ja­sy­na mu­le­ta di­ýil­ýär. Gy­zyl ýa­pyn­ja­ny il­kin­ji ge­zek 1726-njy ýyl­da is­pa­ni­ýa­ly ma­ta­dor Fran­sis­ko Ro­me­ro meý­dan­ça alyp çyk­ýar. Ma­ta­dor­la­ryň gy­zyl ýa­pyn­ja­ny ökü­ziň ga­ha­ry­ny ge­tir­mek üçin däl-de, bel­ki-de äpet şah­ly jan­dar­dan go­ran­mak üçin ulan­ýan bol­ma­gy hem äh­ti­mal. Umu­man, gy­zyl reňk ýa-da gy­zyl ma­ta «ökü­ziň bur­nu­nyň der­le­me­gi­ne» se­bäp bo­lup bil­me­ýär.