Dünýäde miwäniň 2 müň dürli görnüşi bolup, olaryň köpüsi agaçda bitýän bolsa, käbiri bakja ekini ýaly ýere ýazylyp ösýär. Şeýle miweleriň biri hem «gawun armydy» ady bilen tanalýan pepinodyr. Başgaça «süýji hyýar» hem diýilýän bu miwäniň ata Watany Günorta Amerika (Çili, Peru) hasaplanýar. Uzak ýola äkitmesi kyn bolan ýumşak miwä Günorta Amerikada «Pepino Dulce» (süýji hyýar), ylmy dilde «Solanum muricatum» diýilýär. Daşynda benewşe çyzyklary bolan sarymtyl reňkli süýri miwäniň uzynlygy 10 santimetre, ini 6 santimetre ýetýär. Pomidoryň, badamjanyň we ýeralmanyň garyndaşy bolan gawun armydynyň içinde iýilýän çigitleri bolýar. Armyt şekilli süýri miwäniň agramy 300-500 gram aralygynda bolýar. Gawun bilen hyýaryň tagamyny ýatladýan pepino köplenç terligine iýilýär. Miweden senagat usulynda taýýarlanýan melhem kosmetik serişde hökmünde peýdalanylýar.
Itüzümler maşgalasyna degişli bu miwe boýy 1 metre ýetýän, hemişe ýaşyl öwsüp oturan ýarym gyrymsy ösümlikde bitýär. Ýöne bu miwe köp ýurtda pomidor ýaly ýere ýazylyp ýa-da ýüpden sallanyp, birýyllyk möhletde ösdürilip ýetişdirilýär. Şahasy arkaly köpeldilýän bu ösümlik And daglarynyň eteklerinde, Ýewropa ýurtlarynda tropik ýa-da subtropik zolaklarda ösdürilýär. Pepino ösümligi ekilenden 5 aý geçenden soň miweleri ýygnalýar. 2 ýyla çenli hasyl berýän bu ösümligiň her gektaryndan 40-60 tonna hasyl alyp bolýar. Tebigatda ýabany görnüşde duş gelmeýän pepino güýze çenli hasyl berýär. Häzirki wagtda bu miwe Peruda, Çilide, Täze Zelandiýada giňden ösdürilip ýetişdirilýär.
Köpler gawun armydyny süýji we hoşboý ysly miwe hökmünde iýýän bolsalar-da, käbir adam bu miwäni iýse, ýürek bulanma, zäherlenme, tüýküligiň köp bölünip çykmagy, bedeniň gowşaklygy we garynda agyrylaryň peýda bolmagy ýaly alamatlar ýüze çykýar.
PDF








