Tebigatyň sary dona bürenmegi ýapragyň düzümindäki hlorofil atly madda bilen baglydyr. Hlorofil ýagtylygy özüne siňdirip, ýapraklaryň reňkli görünmegini üpjün edýär. Güýz paslynda Günden gelýän şöhläniň peselmegi bilen hlorofiliň möçberi hem azalýar. Ýaşyl reňki öndürmek üçin ýagtylyk ýetmeýär. Şol sebäpli hlorofiller açyk reňkleri – sary, çalymtyl, gyzgylt reňkleri öndürip başlaýarlar. Güýz paslynda ýapraklaryň «reňklenmegi» diňe bir agajyň görnüşine bagly bolman, eýsem, howanyň gyzgynlyk derejesine, ýagtylygyň düşüşine we topragyň çyglylygyna hem baglydyr. Şonuň üçin şol bir agajyň ýapragy her ýyl dürli reňkde üýtgäp biler. Käbir agaçlaryň ýapragy bolsa gyzarýar. Mysal üçin, Demirgazyk Amerikada has köp gabat gelýän klýon tokaýlary güýz paslynda owadan gyzyl tebigaty emele getirýär.
Güýz paslynyň gelmegi bilen agaçlar köp mukdarda suw ýitirýärler. Agaçlar gyşda uka gidýändigi sebäpli özüne gerekli yzgary alyp bilmeýär. Gyşdan öň agaçlaryň aglaba böleginiň ýapraklary düşýär. Ýapragyň tänen ýeri bolsa, mum gatlagy bilen örtülýär. Bu agaçlaryň sowukdan özüni goramagynyň bir görnüşidir. Suw damjalarynyň sowukda giňelýändigi sebäpli, ýapragyň öýjükleri ýarylýar we fotosintez üçin peýdasyz bolýar. Suwy ýapraga eltýän öýjükler ýapylýar hem-de ýapragyň sapajygy bilen ony saklaýan şahanyň arasynda boş gatlak (abssiýa) ösüp başlaýar. Abssiýa ýapraklaryň gezekli-gezegine «kesilip», ýere gaçmagyna hyzmat edýär. Ýuwaşjadan gaýyp düşýän ýapraklaryň emele getirýän owadan peýzažy güýz paslyna mahsus hadysalaryň biridir.
PDF








