Şo­ko­lad kör­pe­le­riň iň ha­la­ýan ta­ga­my bol­sa ge­rek. Bu süý­ji iý­mi­tiň ata Wa­ta­ny Mek­si­ka ha­sap­lan­ýar. Ta­ryh­da il­kin­ji ge­zek 2600 ýyl ozal ko­kos­dan şo­ko­lad ön­dü­ri­lip baş­lan­ýar. Gü­nor­ta ame­ri­ka­ly­lar il­kin­ji bo­lup, ka­kao miwesinden şo­ko­lad al­ýar­lar. Il­ki­baş­da şo­ko­lad su­wuk ta­gam bo­lup, bu içim­lik da­ba­ra­lar­da we baý­ram­çy­lyk­lar­da içi­lip­dir. XVI asyr­da is­pan sy­ýa­hat­çy­la­ry Ame­ri­ka sy­ýa­hat eden­le­rin­de as­tek­ler ola­ra şo­ko­lad­ly içim­lik­leri hö­dür ed­ýärler. Üýt­ge­şik ta­gam­ly bu içim­li­gi Ýew­ro­pa­da taý­ýar­la­mak üçin is­pan­lar ka­kao miwesiniň dä­ne­le­ri­ni ýa­ny bilen alyp gaýd­ýar­lar. Şeý­le­lik­de, şo­ko­lad Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da meş­hur içim­li­giň bi­ri­ne öw­rül­ýär.
Şo­ko­lad sö­zi as­tek di­lin­de «tur­şy içim­lik» diý­me­gi aň­lad­ýan «xocoatl» sö­zün­den ge­lip çyk­ýar. Mek­si­ka­nyň ýer­li hal­ky ha­sap­lan­ýan as­tek­ler bu içim­li­ge dür­li ys­ly ot­la­ry, gül­le­ri go­şup hem taý­ýar­lap­dyr­lar. Is­pan­lar ajy ta­gam­ly bu içim­li­gi şe­ker go­şup, süý­ji iýmite öw­rüp­dir­ler. Hä­zir­ki­le­re meň­zeş ga­ty şo­ko­lad il­kin­ji ge­zek 1650-nji ýyl­lar­da Ang­li­ýa­da peý­da bol­ýar. Şol ýyl­lar Ýew­ro­pa­da şo­ko­lad sat­ýan dü­kan­lar açy­lyp baş­lan­ýar. 1700-nji ýyl­lar­da iň­lis­ler bu ajy iý­mi­te süýt go­şup taý­ýar­lap baş­la­ýar­lar. Süýt­li şo­ko­lad­la­ryň peý­da bol­ma­gy bi­len is­leg has-da ýo­kar­la­nyp, şo­ko­la­dyň mi­we­li, ir-iý­miş­li gör­nüş­le­ri hem ön­dü­ri­lip baş­lan­ýar.
Şo­ko­la­dyň esa­sy çig ma­ly ka­kao aga­jy­nyň içi dä­ne­li mi­we­si bo­lup, bu ösüm­lik Gün­ba­tar Af­ri­ka­da, Gün­ba­tar hin­di ada­la­ryn­da we Gü­nor­ta Ame­ri­ka­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Ka­kao aga­jy 4 ýyl­dan soň mi­we be­rip baş­la­ýar. Bo­ýy 10 met­re çen­li ýet­ýän bu ösüm­lik ýyl­da iki ge­zek ha­syl ber­ýär. Beý­le­ki mi­we­li agaç­lar­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da ka­kao­nyň mi­we­si in­çe­jik şa­ha­syn­dan däl-de, ýo­gyn bal­da­gyn­dan ösüp çyk­ýar. Ka­kao­nyň mi­we­si­niň ulu­ly­gy 35 san­ti­met­re çen­li bo­lup, her go­za­da 20-40 sa­ny dä­ne bol­ýar. Ka­kao dä­ne­le­ri gu­ra­dy­lan­dan soň, il­ki gow­ru­lyp, soň­ra üwel­ýär. Şon­dan soň­ra şo­ko­lad kül­ke­si önüm­çi­lik­de peý­da­la­nyl­ýar.
Sag­lyk üçin peý­da­ly bolan bu iý­mi­tiň dü­zü­min­de E, B wi­ta­min­le­ri, de­mir, sink, mis, mag­ne­zi­ýa, ka­liý, kal­siý, fos­for ýa­ly ele­ment­ler sak­lan­ýar. Şeý­le­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, şo­ko­la­dy az muk­dar­da iý­mek mas­la­hat be­ril­ýär.
Şo­ko­lad bü­tin dün­ýä­de iň naý­ba­şy iý­mit­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Bu süý­ji iý­mi­te ba­gyş­la­nyp her ýyl dün­ýä­niň dür­li kün­je­gin­de şo­ko­lad fes­ti­wal­la­ry ge­çi­ril­ýär, ge­len myh­man­la­ra şo­ko­la­dyň dür­li gör­nüş­le­ri hö­dür­le­nil­ýär. Köp ýurt­da şo­ko­lad mu­zeý­le­ri hem bar. Ola­ryň iň meş­hu­ry Bel­gi­ýa­da­ky «Şo­ko­lad oba­sy» mu­ze­ýi ha­sap­lan­ýar. Dün­ýä­de her ýyl 5 mil­li­on ton­na­dan gow­rak ka­kao ön­dü­ril­ýär. Bu ugur­da Kot-d’Iwuar we Ek­wa­dor döw­let­le­ri öň­de­li­gi eýe­le­ýär.

Gy­zyk­ly mag­lu­mat­lar:

Şo­ko­lad Şweý­sa­ri­ýa­da hem-de Angli­ýa­da has köp sarp edil­ýär.
Ir­ki dö­wür­de as­tek­ler ka­kao dä­ne­le­ri­ni pul bir­li­gi hök­mün­de ula­nyp­dyr­lar.
Ka­kao aga­jy­ 100 ýyldan gowrak ýaşap, 25 ýyl ýokary hilli ha­syl ber­ýär.
Şo­ko­la­dyň dü­zü­min­de köp muk­dar­da de­mir bar.
Şo­ko­la­dyň dü­zü­min­dä­ki ýag­da ho­les­te­rin bol­ma­ýar.
XVIII asyr­da luk­man­lar ka­kao ýa­gy­ny süýt bi­len ga­ryp, der­man hök­mün­de ula­nyp­dyr­lar.
Ka­kaonyň 70 gö­te­ri­mi Af­ri­kada alyn­ýar. Bu ugurda Kot-d’Iwuar iň köp ka­kao ön­dü­r­ýän ýurt hasaplanýar.
Şo­ko­lad 34 gö­te­rim gyz­gyn­lyk­da eräp, 30 de­re­je so­wuk­lyk­da 5-7 mi­nu­tyň için­de ga­ta­ýar.