«Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 33 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň bel­le­nil­me­gi hal­ky­my­zyň her bir toý­dur baý­ra­my­nyň, şan­ly wa­ka­la­ry­nyň go­şa-go­şa­dan gel­ýän­di­gi­ni aň­lad­ýar.
Şeý­le şat­lyk­ly wa­ka­la­ryň tä­si­ri­niň as­tyn­da ma­ňa-da bag­ty­ýar döw­rü­mi­ziň bagt­ly ta­ly­by bol­mak mi­ýes­ser et­di. Da­şo­guz şä­he­rin­dä­ki iň­lis di­li, hi­mi­ýa, bio­lo­gi­ýa ders­le­ri çuň­laş­dy­ry­lyp öw­re­dil­ýän ýö­ri­te­leş­di­ri­len 26-njy or­ta mek­de­bi ta­mam­lap, eziz Di­ýa­ry­myz­da iň baý­ry ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­riň bi­ri bo­lan Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty­nyň se­çip alyş to­pa­ry­na res­mi­na­ma­la­ry­my tab­şyr­dym. Ta­lap­kär mu­gal­lym­la­ryň ada­lat­ly ba­ha­sy­na my­na­syp bo­lup, ta­lyp di­ýen mu­kad­des ada eýe bo­la­nym üçin be­gen­ji­miň çä­gi ýok.
Bi­ziň bi­lim alan oja­gy­myz bo­lan Da­şo­guz şä­he­rin­dä­ki iň­lis di­li, hi­mi­ýa, bio­lo­gi­ýa ders­le­ri çuň­laş­dy­ry­lyp öw­re­dil­ýän ýö­ri­te­leş­di­ri­len 26-njy or­ta mek­de­bi iň­lis di­li, hi­mi­ýa, bio­lo­gi­ýa ders­le­ri­ni çuň­laş­dy­ryp öw­red­ýän ýö­ri­te­leş­di­ri­len mek­dep bol­mak bi­len, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da iň öň­de­ba­ry­jy mek­dep­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Mek­de­bi­miz­de tej­ri­be­li mugal­lym­lar zäh­met çek­ýär­ler. Olar ýaş ne­sil­le­re bi­lim­le­ri ýo­ka­ry de­re­je­de öw­red­ýär­ler. Şo­nuň üçi­nem mek­de­bi­mi­ziň ýo­ka­ry synp okuw­çy­la­ry­nyň en­çe­me­si we­la­ýat, döw­let de­re­je­le­rin­de ge­çi­ril­ýän ders, in­ter­net bäs­le­şik­le­rin­de ýe­ňi­ji bol­mak bi­len, hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki bäs­le­şik­le­re-de gat­na­şyp, üs­tün­lik­li çy­kyş ed­ýär­ler.
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ar­ka­dag­ly Gahryman Ser­da­ry­my­zyň ala­da­la­ry ne­ti­je­sin­de mek­de­bi­miz we­la­ýa­ty­myz­da il­kin­ji bo­lup ÝU­NES­KO-nyň as­so­sir­le­nen mek­dep­le­ri­niň to­ru­na gir­di. Bu bol­sa, bi­ze hal­ka­ra de­re­je­sin­de be­ril­ýän bi­lim­ler bi­len ýa­kyn­dan ta­nyş­ma­ga we bi­lim­le­ri­mi­zi has-da ös­dür­mä­ge şert dö­ret­di.
Men sa­pak­la­rym­dan da­şa­ry mek­de­bi­mi­ziň tej­ri­be­li türk­men di­li we ede­bi­ýa­ty mu­gal­ly­my Ba­tyr Ho­ja­ýe­wiň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky ede­bi­ýat gur­na­gy­na gat­na­şyp gel­dim. Mu­gal­ly­my­myz bi­ze gur­nak­da goş­gy, eser ýazmagyň düz­gün­le­ri­ni öw­red­ýär­di. Gur­na­ga gat­naş­ýan okuw­çy­la­ryň ýaz­ýan goş­gu­la­ry­na, he­ka­ýa­dyr ma­ka­la­la­ry­na sel­jer­me be­ril­ýär. Bu bol­sa bi­ze dö­re­di­ji­lik işi bi­len meş­gul­lan­ma­ga hö­wes dö­red­ýär.
Ady ag­za­lan mek­de­bi­miz­de mäh­ri­ban ene di­li­miz bi­len bir­lik­de rus, iň­lis, ýa­pon dil­le­ri­niň kä­mil de­re­je­de öw­re­dil­me­gi men­de iň­lis di­li mu­gal­ly­my bol­mak hö­we­si­ni oýar­dy. Ýaş­ly­gym­dan eden ar­zu­wy­myň ha­syl bol­ma­gy me­niň üçin go­şa gu­wanç, buý­sanç­dyr. Ar­zuw­la­ra atar­ýan ak ýo­lu­myz­da biz ýaş­la­ra oka­ma­ga, bi­li­mi­mi­zi art­dyr­ma­ga, dö­re­di­ji­lik işi bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ma­ga, mil­li sun­ga­ty­my­zyň in­çe syr­la­ry­ny ele al­ma­ga giň müm­kin­çi­lik­ler, şert­ler dö­re­dip ber­ýän türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­za köp sagbol­su­ny­my­zy aýd­ýa­rys. Goý, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň janlary sag, tut­ýan tu­tum­ly iş­le­ri ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Ar­zuw KA­KY­ŞO­WA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 1-nji ýyl talyby.