30-njy awgustda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän pudagynda şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Oba hojalyk pudagynda önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 125,4 göterime, şol sanda Oba hojalyk ministrligi boýunça 104,1 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 100 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 134,6 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 101,3 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 225,9 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 115 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 100,3 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 105,5 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 101,5 göterime barabar boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 434,1 göterim ýerine ýetirildi.
Häzirki wagtda welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Pagta ýygýan kombaýnlary we beýleki oba hojalyk tehnikalaryny, pagta arassalaýjy kärhanalary, kabul ediş harmanhanalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Ýurdumyzda ýeralmanyň, gök we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak babatda işler alnyp barylýar.
Welaýatlarda bugdaý ekişi möwsümine degişli taýýarlyk görülýär. Bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizlemek, geriş we çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň welaýatlarynda 2025-nji ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirmek maksady bilen, ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň, mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň hem-de hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda bugdaý ekişine başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermek baradaky haýyş bilen ýüzlendi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda geçirilýän düýpli özgertmeleriň ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmaga, azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça netijeli işleri geçirmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daýhanlarymyzyň yhlasly zähmet çekip, ýerden bol hasyl almagy üçin döwletimiz tarapyndan zerur şertleriň döredilýändigini belledi. Häzir gallaçy daýhanlarymyz üçin örän möhüm we jogapkärli möwsüm bolan bugdaý ekişi ýetip geldi. Bu möwsümi agrotehniki möhletlerde, guramaçylykly geçirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň welaýatlarynda 4-nji sentýabrda bugdaý ekişine girişmäge ak pata berýändigini aýtdy we hormatly ýaşululardan bugdaý ekişini «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.
Döwlet Baştutanymyz zähmetsöýer gallaçylara, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.