ABŞ-nyň häzirki wise-prezidenti, demokratlar tarapyndan prezidentlige dalaşgär Kamala Harris saýlawlardan iki aý öň CNN teleýaýlymynyň studiýasyna gelip, ilkinji gezek alyp baryjy Dana Baş bilen söhbetdeşlik geçirdi.
Bir aý mundan ozal prezidentlige dalaşgär hökmünde hödürlenen Kamala Harris bir sagada çeken söhbetdeşliginde, esasan, içerki meselelere ünsüni jemledi. Şeýle hem, ol söhbetdeşligiň dowamynda ýakyn wagtda ýurtda geçiriljek Prezident saýlawlary, ABŞ-nyň häzirki lideri Jozef Baýden bilen özara gatnaşygy we Meksika bilen serhetdäki ýagdaý barada durup geçdi. Söhbetdeşligiň barşynda Kamala Harris daşary syýasatda Baýden administrasiýasynyň alyp barýan syýasatyna berk eýerjekdigini belledi. Harris saýlawlarda ýeňiş gazansa, ilkinji maksatlary barada anyk ädimlerini sanap geçmedi. Muňa derek, ykdysadyýeti güýçlendirmek meselesine aýratyn üns berdi.
– Ilki bilen, meniň esasy ileri tutýan meselelerimiň biri orta gatlagy goldamak we güýçlendirmek üçin mümkin bolan ähli zady etmek – diýip, syýasatçy belledi. Pikir soralyşyklarda saýlawçylaryň has köpüsiniň ykdysadyýeti dolandyrmak we inflýasiýanyň öňüni almak babatda Trampa bil baglaýandygyny görkezýär. Ýöne Harris bäsleşige gireli bäri şeýle saýlawçylaryň sany barha azalýandygy belli boldy.
Harris söhbetdeşligiň dowamynda, içerki syýasat barada durup geçip, Meksika bilen serhetdäki ýagdaýa aýratyn ünsi çekdi. Prezidentlige dalaşgär giriş düzgünlerini hasam berkitjek “giňişleýin serhet kanunyny” kabul etmäge tagalla etjekdigini we bu kanuna gözegçiligiň üpjün edilmeginiň zerurdygyny belledi. – Bikanun serhetden geçilmegi ýol berilmesiz ýagdaýdyr – diýip, kamala Harris aýtdy.
Beýleki bir tarapdan, synçylar Harrisiň Ýer gatlagyň gidrawliki böwsülişine, ýagny, frekinge bolan garaýşynyň üýtgändigini bellediler. Harris daşky gurşawyň netijelerine, esasan hem, ýerasty suwlaryň hapalanmagyna sebäp bolup biljek nebit we gaz çykarmagyň bu usulyny gadagan etmek islemeýändigini aýtdy. Çünki Pensilwaniýa ştatynda gidrawlik böwsüş arkaly uglewodorod çykarmak pudagynda köp adam zähmet çekýär.
Kamala Harris Baýdeniň administrasiýasy tarapyndan girizilen ykdysady çäreleri goramak bilen, özüne çözülmegi möhüm bolan birnäçe ykdysady meseleleriň miras galandygyny aýtdy. “Roýter” we “Ipsos” agentlikleri tarapyndan geçirilen pikir soralyşykda Harris 45 göterim sese, Tramp bolsa, 41 göterim sese eýe boldy. Synçylar, prezidentlige dalaşgär hökmünde bir aýyň dowamynda Harrisiň özüniň artykmaçlygyny berkitmek üçin tagalla edendigini belleýärler.