2024-2025-nji täze okuw ýyly hem ýurdumyzda we dostlukly döwletde möhüm binagärlik desgalarynyň dabaraly açylmagy bilen badalga aldy. Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde gurlan 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep ulanmaga berilýän desgalaryň hatarynda aýratyn orun eýeledi. Onuň açylyş dabarasyna sanly ulgam arkaly iki döwletiň Prezidentleri Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon gatnaşdylar.
Dabaranyň geçirilýän ýerinde giň gerimli baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Mekdebiň esasy girelgesiniň öňünde, Türkmenistanyň we Täjigistanyň Döwlet baýdaklarynyň ýanynda köp sanly myhmanlar ýygnandylar. Olaryň arasynda iki ýurduň resmi wekiliýet agzalary, hormatly ýaşulular, ýaşaýjylar bar.
Alypbaryjylar türkmen we täjik dillerinde dabara gatnaşyjylaryň ählisini hem-de myhmanlary şatlykly waka — täze umumybilim berýän mekdebiň ulanmaga berilmegi bilen gutlap, iki döwletiň Baştutanlaryny uly hormat bilen çykyş etmäge çagyrýarlar.
Ilki bilen, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona söz berildi. Ol Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen bilelikde Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly Pyragy adyndaky umumybilim berýän mekdebiň açylyş dabarasyna gatnaşmaga şatdygyny belledi. Dostlukly ýurduň Prezidenti ýurtlarymyzda giňden bellenilýän bilimler baýramçylygynda täze bilim edarasynyň açylmagynyň ynsanperwerligiň nyşany bolup durýandygyny nygtady.
Täze, döwrebap mekdebiň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça gurlandygyny aýdyp, dostlukly ýurduň Baştutany Gahryman Arkadagymyza durmuşa geçirilen ägirt uly işler hem-de taraplaryň tagallalary netijesinde hil taýdan täze derejä çykarylan türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Bellenilişi ýaly, gözbaşyny taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýan dostluk we özara hormat goýmak ýörelgelerine daýanýan döwletara gatnaşyklar häzirki wagtda köp ugurlary öz içine alýar. Şunda iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň umumy gün tertibinde medeni-ynsanperwer, hususan-da, bilim we ylym ulgamlarynda gatnaşyklary yzygiderli giňeltmek meseleleriniň möhüm orun eýeleýändigi aýratyn nygtaldy.
Soňra hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylara sanly ulgam arkaly gutlag sözi bilen ýüzlendi.
Döwlet Baştutanymyz Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini, ýurduň mugallymlaryny we mekdep okuwçylaryny täze okuw ýylynyň ilkinji güni bilen gutlap, asylly däbe görä, Türkmenistanda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde ýurdumyzda dabaraly çäreleriň geçirilýändigini, täze bilim edaralarynyň açylýandygyny aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen türkmen gurluşykçylary tarapyndan gurlan bu mekdep iki ýurduň arasyndaky dost-doganlygyň nyşanydyr. Hormatly Prezidentimiz Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmony, mugallymlary we okuwçylary, şeýle hem Ergeş Sultanow daýhan birleşiginiň ähli ýaşaýjylaryny täze mekdebiň açylyp ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, bilim edarasynyň türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň Türkmenistanda we daşary ýurtlarda giňden bellenilýän ýylynda açylmagy uly many-mazmuna eýedir.
Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň soňky ýyllarda täze ugurlar boýunça hem ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Magtymguly adyndaky mekdebiň açylmagynyň bilim ulgamyndaky özara gatnaşyklarda taryhy wakadygyny belläp, döwlet Baştutanymyz bu işleriň ikitaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Sanly ulgam arkaly dabara gatnaşandyklary üçin çuňňur hoşallyk bildirip, çykyş edenler Prezidentler Serdar Berdimuhamedowa we Emomali Rahmona berk jan saglyk, uzak ömür, ähli asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler hem-de iki döwletiň Baştutanlaryna Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebi dabaraly açyp bermek haýyşy bilen ýüzlendiler.
Prezidentleriň ak patasy bilen, ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň resmi wekiliýetleriniň ýolbaşçylary toý bagyny kesýärler. Şol wagt täze okuw ýylynyň, döwrebap bilim edarasynyň işiniň başlanýandygyny buşlaýan ilkinji jaň sesi ýaňlandy.
«Döwlet gurluşyk» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan mekdep binasy umumy meýdany 4300 inedördül metrden gowrak bolan okuw toplumyny özünde jemleýär. Gurluşyk işleri dolulygyna türkmen tarapynyň hasabyna, häzirki zaman ölçegleri esasynda alnyp baryldy. Baş binada giň, ýagty synp otaglarynyň 24-si ýerleşdirilipdir. Olarda okuw işini netijeli alyp barmak üçin ähli şertler döredilendir. Binada kitaphana, üsti ýapyk sport zaly, uly mejlisler jaýy, naharhana, lukmançylyk nokady we beýlekiler hem bar.
Bu gün dabara gatnaşyjylaryň ählisi, aýratyn-da, 1-nji synp okuwçylary üçin ýatdan çykmajak baýramçylyga öwrüldi. Şanly waka mynasybetli hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna “Bilimli” haryt nyşanly 100 sany noutbuk kompýuteri, şeýle-de “Toyota Coaster” kysymly awtobus sowgat berildi.
Iki ýurduň medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.
Mekdebiň öňünde oturdylan, döredijiligine dünýäniň ähli künjeklerinde uly sarpa goýulýan beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine köp sanly gül desseleri goýuldy.