“Wildberries” internet dükanynyň esaslandyryjysy we baş direktory Tatýana Bakalçuk, ABŞ-nyň “Forbes” žurnalynyň 2024-nji ýylda Russiýanyň iň baý 20 zenanlarynyň sanawynda üçünji gezek birinji orny eýeledi. Işewür zenanyň maýasy 2024-nji ýylda 5,5 milliard dollar diýlip bahalanýar.
Sanawyň ikinji ornuny 2,45 milliard dollar baýlygy bilen Tatýana Litwinenko eýeledi. Ol 2022-nji ýylda adamsy Wladimir Litwienkodan “Fosagro” kompaniýasynyň paýnamalarynyň 20,6 göterimini miras aldy.
Üçünji orunda işewür Andreý Skoçuň gyzy Warwara Skoç ýerleşdi. Bu ýyl onuň maýasy 2,2 milliard dollar boldy. 2020-nji ýylyň dekabrynda ol USM holdinginiň paýnamanyň eýesi boldy.
Dördünji orny 1,3 milliard dollarlyk maýasy bilen “Inteco Management” kompaniýasynyň başlygy Ýelena Baturina eýeledi.
Bäşinji orny ýag alynýan tohumlary gaýtadan işleýän “Sodruzhestvo” toparynyň 50 göterimine gözegçilik edýän Natalýa Lusenko eýeledi. Onuň baýlygy 1,25 milliard dollar diýlip baha berilýär.
Golaýda fransuz işewüri we “Louis Vuitton Moet Hennessy” (LVMH) kompaniýalar toparynyň eýesi Bernar Arno dünýäniň iň baý 3 adamynyň sanawyna gaýtadan girdi. Häzirki wagtda dünýäniň iň baý adamy “Tesla Motors” we “SpaceX” kompaniýalarynyň eýesi Ilon Maskdyr. Amerikaly işewüriň maýasy 239 milliard dollara deň. Ilkinji üçlügi “Amazon”-yň esaslandyryjysy Jeff Bezos düzüp, baýlygy 199 milliard dollara deň.