301-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Keramatly Marin tarapyndan dünýäniň iň kiçi döwletleriniň biri hem-de häzir hem bar bolan respublikasy – San Marino esaslandyrylýar. Italiýanyň çäginde ýerleşýän bu ýurt dünýäniň iň kiçi 5-nji ýurdy hasaplanýar. Apennin daglarynyň eteklerinde ýerleşýän San Marinonyň meýdany 61 inedördül kilometre ýetýär. Ýurduň 34 müňe golaý ilaty bar. Ýewropa Bileleşigine agza däldigine garamazdan, şertnama esasynda ýewro pul birligini ulanýar. Medeniýet we däp-dessur babatda Italiýanyň beýleki ýerlerinden tapawutly bolmadyk ýurtda resmi dil italýançadyr. Ýurduň deňze çykalgasy ýok. FIFA-nyň hem UEFA-nyň agzasy bolan ýurduň milli ýygyndysynyň resmi duşuşyklarda ýekeje-de ýeňişi ýok.