Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron Ýewropanyň öňki komissary we Fransiýanyň öňki daşary işler ministri Mişel Barnieri ýurduň täze Premýer-ministri edip belledi. Bu barada Ýeliseý köşgüniň metbugat beýanatynda aýdylýar.
Bu waka Fransiýada möhletinden öň geçirilen parlament saýlawlarynyň netijelerinden iki aý töweregi soň we 16-njy iýulda Emmanuel Makron tarapyndan bellenen Gabriel Attalyň işinden çekilmeginden ep-esli wagt soň bolup geçdi.
73 ýaşly Mişel Barnýe fransuz we Ýewropa syýasatynda tejribeli hünärmen bolup, ol 1993-nji ýylda ilkinji gezek ministr boldy, soňra Žak Şirak we Nikolýa Sarkoziniň Prezident bolan döwürlerinde üç gezek ministr wezipesinde işledi. Şeýle hem, iki gezek Ýewropa komissary bolup işledi we ahyrynda 2016-njy we 2021-nji ýyllar aralygynda Beýik Britaniýanyň Ýewropa Bileleşiginden çykmak – “Brexit” boýunça gepleşikçisi boldy.
Barnýe 1958-nji ýylda Bäşinji Respublikanyň döredileli bäri Fransiýanyň iň garry Premýer-ministri bolar. Ol Fransiýanyň iň ýaş Premýer-ministri Gabriel Attalyň ýerine geçer. Indiki ädim hökümet gurmakdyr.
Mişel Barnýe üçin esasy kynçylyklaryň biri hem ylalaşyk gazanmaga we koalisiýa düzmäge ukyply topar ýygnamaly bolar. Bu bolsa, geljekde kabul ediljek kanunlara ses bermäge mümkinçilik döreder.