2023-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasy Ýer ýüzünde millionlarça hojalyklaryň we maşgalalaryň medeni durmuşynda hem-de azyk üpjünçiliginde uly orny eýeleýän düýeleriň ähmiýetini we ornuny dabaralandyrmak maksady bilen, 2024-nji ýyly «Düýeleriň halkara ýyly» diýip yglan etdi. Bu halkara resminama Ýer ýüzüniň ilaty tarapyndan şatlyk bilen kabul edildi.
Dünýä halklarynda we jemgyýetçilik durmuşynda düýeler iň peýdaly jandarlaryň biri hökmünde ulanylýar. Gündogar edebiýatynda we akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň gazallarynda düýäniň piri Weýis baba, Salyh pygamber hem-de ojaklaryň mukaddes sekiz haýwanynyň biri düýe hasap edilip görkezilýär. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň lirikasynda düýedarçylyk medeniýetiniň gymmatlyklary, leksik aňlatmalar asyl we göçme manylary aňladýan, salgylanma, deňeşdirme, meňzetme görnüşlerde beýan edilýän çeper galyplarda teswirlenýär. Olaryň iň görnükli nusgalarynyň sanawyna «Gözlemeýän bolarmy», «Gürgeniň», «Guluň boldum», «Ýar çeker», «Rysman dakarlar», «Andadur», «Dursa gerekdir», «Bizge rowana», «Alnyňda», «Munda çilimkeş», «Görüm görülmegen ýerde», «Gybatkeş», «Alan ýagşydyr», «Näbilsin», «Türkmeniň», «Är ýanynda bellidir», «Gelse gerekdir», «Çatyp bolmaýyr», «Jan içinde», «Bikararam dogrusy», «Gadryn näbilsin», «Bitmek gerek», «Ötüp baradyr», «Bular gelmedi», «Bagtym garadyr», «Aşyk bolmuşam», «Ýar eýlär», «Ýör biläni», «Tekepbirlik eýlär», «Aýrylsa», «Çowdur han» ýaly onlarça şygyrlaryny goşmak bolar. Dünýä edebiýatynyň tanymal söz zergäri Magtymguly Pyragynyň «Arwananyň ýüki galmaz, Ýola girseň ner biläni», «Ýatsa kerwen ýaman ýerde, Serdar mugtaberlik eýlär», «Kerwen ýata bilmez gorkuly ýerde», «Bezirgenler mydam ýola bil baglar», «Bezirgenler yrak ýolun unutdy», «Sähraýa aşyk bolmuşam», «Hindistana bezirgenlik kylanlar», «Agyr bezirgenli tüçjar eýeler», «Bir bezirgenem menem», «Mugjyz ile Salyhyň daşdan çykypdyr maýasy», «Bezirgenler gider Mazenderana», «Saraý weýran kerwenimi ugratdym», «Sarwanym azaşdy, dargady malym», «Akmaýa aldyrsa elden köşegin», «Hatarlanşyp duran iner, maýalar», «Iner olumyndan däli, Gürgeniň», «Göýä ki bir sarwan men», «Ner, bugra sypatly uçgun çykarlar», «Niçesi bugra dek, niçesi ner dek», «Hataryň görküdir maýalar, nerler», «Diňle sözüm, ner zarbyny ner tanyr», «Arwananyň kuwwaty, Ner ýanynda bellidir», «Çöle çykyp maýa bozlar, Torum göze ilmeginçe», «Çyrpynşar çölünde neri, maýasy», «Töwekgel ner behm eder», «Hyra ner dek ak köpükler saçypdyr», «Ulag bardyr uzak ýollar geçmäge», «Ýeke eşekli: «At ber, esrik ner» diýer», «Iman bile barsaň, ner dek bolar sen!», «Gäp-günähiň ýat edip, tur säherler ýyglagyl» «Töwekgel ner erer, endişe maýa», «Tiwe ýaňlyg ýatan dagda daşlary, Gol bilen göterip, atyp bolmaýyr», «Çille mest nerlerimiz barça ýaýylsyn», «Ner-maýa çyrpynan otly ýaýlagym», «Sagy erkek, soly dişi», «Gürbeden şir bolmaz, göhertden ner bolmaz», «Bady-şütri münüp elwana ýörsem», «Magtymguly, kimse deşdedir, sarwan», «Hatardan azaşdym, kerwende eken», «Hatarlanyşyp kerwen öter», «Gelleban arbaba dönüp, bolmuş arbaplar emir», «Her göhertden bugra bolmaz, ner bolmaz», «Ulag gadryn bilmez, kişi armasa», «Düýe aýdar: «Otlar men», «Bir mada eşek dek gelip sen deme» diýen parasatly, hümmetli setirleri düýedarçylyk leksikasy bilen berk baglanyşyklydyr.
Şahyryň döredijiliginde duş gelýän «Ebabil-eshabil filge gowuşdy» diýen edebi setirleriniň mazmunynda hem düýedarçylyk kyssalarynyň gadymy taryhy hekaýatlary jemlenýär. Akyldar şahyryň döredijiliginde geçmişde rozygäriň rowaly roýlaryna, sapaly sähralaryň serwerine, sadykly saçaklaryň sakysyna, alaňly hazynalaryň haýdaryna deňelen, husnuny hakyň halan, ýollaryň kerwen hatarlarynda zynatly lagla öwrülen, erenleriň mübäreklän, ýowşan ysly jöwzaly çölleriň janly, jepakeş «ulagy» hökmünde sarpalanýan düýeler bilen bagly çeper, meňzeş bolmadyk köptaraply many gatlaklaryndaky dürli sözleriň işjeň we dowamly ulanylýandygyny görmek bolýar. Edebi dilde düýe adalgasy mähriban we söýündiriji çölüň tebigy şertlerine çalt uýgunlaşýan, goşatoýnakly, boýy 3 metre golaýlaýan, agramy 450-800 kilograma barabar ölçeglerde bolýan, alaňlaryň, ürgün çägeleriň, ymgyr giň sähralaryň iň gazaply we ýowuz howa gurşawlarynda ýaşamaga ukyply jandar hökmünde çykyş edýän haýwanat dünýäsiniň bir maşgalasynyň kuwwatly wekilleriniň umumylygyny aňladýan leksik birlik hökmünde peýdalanylýar. Pygamberleriň ulagy hasap edilýän düýäni ýagşyzadalar ýük daşamakda wepaly dost, ýörände mähriban egindeş, ajyganda ojaklaryň supra lezzetiniň başy, lybasda törde oturdýan zerbaply don, mülkleriň uzak ýaşly syrdaşy, üstüni toýlaryň galasy hökmünde ykrar edipdirler.
Gündogaryň edebiýatynyň halk döredijilik eserlerinde düýeleriň sabyrly, wepaly, gaýratly, ezber, berdaşly, gujurly, ezizlenilýän, berekediň müň dürli, ýatkeş, endikleri çalt kabul edýän, düşbi, duýgur, gabanjaň, agyr ýük götermäge ukyply häsiýetleri, bezeg serişdeleri barada edebi, taryhy hakykatlaryň beýanlary, tymsallar, meňzetmeler köp duş gelýär. Taryhy gollanmalarda at gije-gündizligiň, dowar aýlygyň, düýe ýyllygyň baýlygy hökmünde teswirlenýär. Edebi sähralarda iner ýüküni çeken Magtymgulynyň yzzatly, jadyly setirlerinde «bezirgen» sözi düýe kerweni bilen söwda-täjirçilik edýän adamy, «arwana» sözi ýeke örküçli adaty türkmen düýesini, «akmaýa» sözi arwana bilen bugradan gaýan urkaçy, owadan, ýuwaş, süýtli, dürli reňklerdäki inen düýäni, «tiwe» sözi oguz sözleýşinde düýäni, «torum» sözi bir ýaşdan iki ýaş aralygyndaky düýäni, «sarwan» sözi düýe sürüsiniň çopanyny, «bota» sözi düýäniň täze bolan köşegini, «gelleban» sözi köp sanly düýe sürüsiniň sakçysyny, «ner» sözi nazarkerde, güýçli, 3-12 ýaş aralygyndaky arwana bilen bugradan gaýan düýäni , «maýa» sözi ýeke örküçli düýeleriň iki örküçli düýeler bilen jübütleşmeginden bolan täze nesliň ineni, arwana bilen bugradan bolan düýäni hem-de ähli häsiýetleri babatda gözel düýäni, «kerwen» sözi tirkeş-tirkeş hatarly düýeleriň düzümi, «dişi» sözi kerwen hatarlarynda bereket, sahawat getirýän düýeleri, «bugra» sözi iki örküçli aýry düýäni, «göhert» sözi inerden gaýan arwanadan bolan düýäniň erkek görnüşini, «köşek» sözi botlandan bir ýaşyna ýetýänçä bolan düýäni, «gäp» sözi ýumşak, arassa, päkize köşek derisini, «bady-şütri» sözi hereketleri çalasyn, çeýe, ýüwrük düýäni, «mada» sözi ýaş arwana urkaçy düýäni aňladyp gelýär we göçme manylarda köptaraply wasp edilmekde işjeň ulanylandygy aýdyň bolýar. Münewwer, zerli setirleri ruhy ylhama, durmuş rowaçlyklaryna we tebigat gözelliklerine, mukaddesliklerine hyjuwlandyrýan ussadyň eserlerinde düýedarçylyk leksikasy boýunça köp wasp edilýän sözleriň düzüminde ilkinji basgançagy bugra, iner we maýa sözleri eýeleýärler.
Dädebaý Pälwanow,
Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni.