Ertir 1-nji sentýabr günüdi. Agşam işlerimi birýüzli edip, internet sahypalarynda ýerleşdirilen täzelikler bilen tanşyp başladym, internet ýazgylarynyň birinde: «Salam, mugallym! Gör, nähili gulaga ýakymly eşidilýän sözler. Elbetde, dünýäde iň hormatly käriň haýsydygy barada soralsa, «mugallymçylyk» diýip jogap bererdim. Sebäbi mugallym öwredýän ussat, öz ömrüni ylym öwretmek ýaly asylly işe bagyş edýän beýik ynsandyr. Mekdep ýyllaryny mugallymsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl» diýen setirlere gözüm düşende biygtyýar çagalyk ýyllarym ýadyma düşdi. Elbetde, mährem ene perzentleri üçin ilkinji mugallym we ilkinji basgançakdyr. Ýaşaýşyň dowam etmegi bilen aýlar, ýyllar aýlanyp, çaga belli bir ýaşyna ýetensoň maşgalanyň islegine görä çagalar bagyna berlip, çaga üçin eýýäm ikinji mugallym, ýagny terbiýeçi bolup ikinji basgançaga çykyp başlaýar. Çagajyklar çagalar bagynda terbiýeçiniň, ýagny ikinji mugallymyň olara berýän mähir-yhlasy netijesinde ýuwaş-ýuwaşdan durmuşa ädim ädip başlaýar. Çagalar bagynda terbiýeçi mugallymlar çagalaryň elinden tutup, ak kagyzyň ýüzüne çyzgyjyklar çekip, olaryň kitaba, surata bolan höwesini oýaryp başlaýarlar. Elbetde, çaga mekdebe taýýarlygy çagalar bagyndan başlap öwrenip başlaýar. Soňra mekdep ýaşyna ýetende 1-nji sentýabr güni, mähriban ene-atalarynyň elinden tutup, mekdebe baryp, özlerine berkidilen mugallym bilen garşylaşýarlar we durmuşyň üçünji basgançagyna tarap ýola rowana bolup başlaýarlar.
Ýadyma düşýär, mährem käbäm ekiz taýym Almagül ikimiziň elimizden tutup Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän 1-nji orta mekdebiň saýaly baglardan doly owadan howlusyna elteninde içi okuwçy oglan-gyzlardan doly mekdebe haýran galyp seredýärdik. Soňra mekdebiň okuw müdiri Çary mugallym bizi bir kiçiräjik okuw otagynyň gapysyna getirip: «Ine çagalar, size berkidilen mugallym» diýip, ak ýüzli, uzyn boýly, görmegeý mugallym gyz bilen tanyşdyrypdy. Mugallymymyz Dürli Orazowa mähirli ýylgyryşy bilen bizi garşylapdy. Elbetde, mugallymyň güler ýüzi, ilkinji nobatda, täze okuwa gelen okuwçy üçin iň zerur şatlykdy.
Mekdep ýatlamalaryny mugallymsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Mugallymlar sanlaryň syrlaryny açýarlar, okuwçylary dünýä medeniýetiniň ajaýyp eserleri bilen tanyşdyrýarlar, olara tebigatyň kanunlaryny düşündirýärler. Mugallymyň bagty okuwçylarynyň ýeňişleri bilen baglydyr. Mugallym ähli hünärmenleri, şol sanda mugallymlary-da ýetişdirýän şahsyýetdir. Gysgaça aýdylanda, mugallym ähli hünärdäki adamlaryň mugallymydyr. Heňňamyň dürli-dürli pursatlaryny şol bir ýodadan gatnap, şol bir işikden girip-çykyp geçirmek ussatlyga ýetirýär. Ýaş nesillere beýik döwrümize mynasyp, milli ruhy ýörelgelerimize laýyklykda bilimdir terbiýe bermekde mugallymlara mukaddes we jogapkärli wezipe ynanylýar. Mugallym sahawatly, adalatly, paýhasly we ynsanperwer ynsandyr. Ine, şonuň üçin mugallymçylyk käri iň hormatly kärleriň biri hasaplanýar. Mugallym bilim bermek bilen bir hatarda, ösüp gelýän ýaş nesle talabalaýyk terbiýe berýän ynsandyr. Mugallymçylyk käri beýleki kärlere garanyňda öz hormaty we sylagy bilen düýpli tapawutlanýar. Her kärde bolşy ýaly, mugallymçylykda-da üstünlik gazanmagyň esasy şerti öz käriňi söýmekdir. Mugallym okuwçylaryna terbiýe berýän, ýagşy edim-gylymlary, zerur endikleri öwredýän, maslahat berýän, edil ene-atalary ýaly olar barada alada edýän mähriban adam bolup, okuwçylaryna matematikanyň sadaja hasaplamalaryndan başlap, çylşyrymly himiki täsirleşmelere çenli bilim dünýäsiniň inçe syrlaryny öwredýärler. Şonuň üçin hem olara okuwçylarynyň üstünliklerini görmekden uly bagt ýokdur. Okuwçylar üçin bolsa mugallymyň «berekellasy» iň gymmatly sowgatdyr.
«Orta mümkinçiligi bolan mugallym gürrüň berýär, gowy mugallym düşündirýär, ajaýyp mugallym görkezýär, akyldar mugallym ruhlandyrýar» diýen pähim bar. Mugallymyň okuwçylaryndaky aýratynlyklary görmek we olary kämilleşdirmek ukyby nygtalmaga mynasyp. Beýle zehin bolsa her kese nesip etmeýär. Diňe mugallymlar çagalar bilen şeýle kän wagt geçirip, agşamlaryna bolsa ertirki dersiň mazmunyny ýazyp hem-de bu işlerden lezzet alyp bilýärler. Mugallym edil ene-atalar ýaly, okuwçy orta mekdebi tamamlaýança, hemişe ýanynda bolup, durmuşda dogry ýoly saýlamaga kömek edýär. Şonuň üçin 1-nji sentýabr diýlende mekdep, okuwçy we mugallym ýadyňa düşýär, sebäbi bularyň hemmesi biri-biri bilen berk baglanyşykly. Durmuşymyzy mekdepsiz, mekdebi okuwçysyz, olaryň ikisini bolsa mugallymsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Okamagy, ýazmagy öwredýänlere mugallym diýip ýüzlenmek bilen, olara belent sarpa goýulýar. Mugallym sözüniň asyl manysynyň öwredijidigini bilmeýän ýokdur. Ol hemişe öwrediji, hemişe halypa. Ýaş nesli okatmak, terbiýelemek bilen hakyky watançylary ýetişdirmegi mugallymyň abraýyny beýgeldýär.
Mugallym-beýik ynsan. Ol öz ömrüni bilim bermek işine bagyş edip, okuwçylaryny belent maksatlara ýetmäge, olaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga, şahsyýet hökmünde durmuşda öz ornuny tapmaga ruhlandyrýar. Durmuşda mugallym aýratyn uly orna eýedir. Ýaşlykda her bir adam mugallymyndan görelde alýar. Şonuň üçin bilim beren mugallymyň unudylmaýar. Mugallym hakynda ýazyjy-şahyrlar ençeme goşgulary döretdiler, kämil eserleri ýazdylar. Şeýle eserleriň içinde belent wasp hem bardyr, sarpa hem kändir. Bu, elbetde, mugallymyň hemmeler üçin halypa, terbiýeçi hökmünde garalýanlygydyr. Halkymyzda bilim öwrenmek, ylymly bolmak asylly ýörelge hasaplanýar. Şonuň üçin hem ýaşlaryň terbiýesi mukaddes hasaplanýar. Ene-ata çaga terbiýe berýär, mugallym bu terbiýäni ösdürýär, bilim öwredýär, ylymly bolmagyna ýardam edýär. Şeýle beýik işleri üçin biz mugallyma «Meniň mugallymym» diýip ýüzlenýäris. Elbetde, mugallymlar şeýle belent sarpa mynasyp. Işini, okuwçylaryny söýýän mugallym kämil mugallymdyr. Ýaş nesliň aladasyny edip, olaryň begenjine begenip, gynanjyna gynanyp bilýän, olara terbiýe berip, bilim öwredýän ynsan mugallymdyr.
Aslynda «Mugallym – ähli mugallymlaryň hem mugallymydyr» diýip dogry aýdýarlar. Bilşimiz ýaly, bilim ulgamyndaky ähli ugurlarda hünärmenleri ýetişdirýän mugallymdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde duran belent maksatlary durmuşa geçirmekde mugallymlaryň zähmetine möhüm orun degişli bolup, olara uly ynam bildirilýär. Ýurdumyzda bilim ulgamynyň işini döwrebap ýola goýmak we ony täze sepgitlere ýetirmek üçin ähli şertleri döredýän we mugallymlara uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň halk bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleriniň mydama rowaçlyklara beslenmegini, janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny arzuw edýäris.
Hurmagül Annagurbanowa,
Bäherden etrap bedenterbiýe we sport bölüminiň KAIG-nyň başlygy, tälimçi-mugallym.