Ýylyň başyndan bäri dünýäde uçar arkaly syýahat edýän ýolagçylaryň sany artýar. Halkara howa gatnawlary agentligi (IATA) iýul aýynda dünýäde uçar arkaly syýahat edýän ýolagçylaryň sanynyň geçen ýylyň degişli döwründäkiden 8 göterim ýokary bolandygyny mälim etdi. Howa gämileriniň dolulyk derejesi bolsa, 86,1 göterim bolupdyr.
Agentligiň ýolbaşçysy Willi Wolş iýul aýynda uçar syýahatyna bolan islegiň Afrikadan başga dünýäniň ähli sebitinde rekord derejä ýetendigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, şu ýylyň tomus pasly Ýer şarynyň demirgazygynda uçar gatnawynyň iň ýokary derejä ýeten syýahatçylyk möwsümi bolupdyr. Wolş adamlaryň uçar bilen syýahat etmäge zerurlyk duýýandygyny belleýär.