Koreýa Respublikasynyň «Hyundai» kompaniýasy gibrid ýangyçly ulaglarynyň önümçiligini iki esse artdyrmagy meýilleşdirýär. Soňky ýyllarda dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglar bilen bir hatarda gibrid ýangyçly ulaglara bolan isleg hem görnetin ýokarlanýar. Kompaniýa maýadarlaryň girdejilerini artdyrmak maksady bilen paýnamalarynyň 4 trillion wonluk (3 milliard dollar) bölegini hem yzyna satyn almagy meýilleşdirýär. Koreý brendi häzirki wagtda dünýäde önümçilik babatda üçünji orunda durýar. Kompaniýa diňe kiçi we orta ululykdaky awtoulaglaryň däl, eýsem, has uly ulaglaryň gibrid modellerini çykarmagy meýilleşdirýär. Şeýlelikde, kompaniýanyň gibrid ulaglarynyň sany 14-e ýeter. Kompaniýa 2030-njy ýyla çenli elektroulag önümçiligini ýyllyk 2 milliona ýetirmegi hem maksat edinýär.
Soňky ýyllarda «Ford Motor Co.», «Porsche AG» we «Mercedes-Benz Group AG» elektroulag önümçiligi babatda öňde goýan maksatlaryny azaldypdylar. Diňe elektroulag önümçiligi bilen meşgullanýan «Tesla Inc.»-iň bolsa üstümizdäki ýylda geçen ýylkydan (1,8 million) has az ulag öndürmegine garaşylýar. «Hyundai» kompaniýasy bir gezekki zarýady bilen has uzak aralyga gidýän gibrid ulaglary köpräk öndürmegi meýilleşdirýär. Täze «Hyundai»-lar bir gezekki zarýady bilen 900 kilometr ýol geçmäge ukyply bolar. Häzirki wagtda kompaniýanyň satuwynyň 12 göterimini gibrid ulaglar emele getirýär.
Gülruh AŞYRDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň inženeri.