Hytaý kompaniýalary soňky üç ýylda Afrika ýurtlarynda 1,1 milliondan gowrak iş ýerini döretdi. Bu barada Hytaýyň daşary işler ministri Wan I yglan etdi.
“Diňe soňky üç ýylyň dowamynda biziň ýurdumyzyň kompaniýalary Afrikada 1,1 milliondan gowrak iş ýerini döretdi” diýlip, Hytaýyň daşary işler ministrliginiň web sahypasynda hytaýly diplomatyň sözleri getirilýär. Wan I Hytaý-Afrika hyzmatdaşlygy forumynyň (HAHF) Pekiniň we sebitdäki döwletleriň arasyndaky gatnaşykda möhüm rol oýnandygyny aýtdy. Ol bilelikdäki ikitaraplaýyn taslamalaryň afrikalylaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrandygyny aýtdy.
Hususan-da, daşary işler ministri Hytaýyň Afrikada, takmynan, 100 müň kilometr awtoulag ýollaryny, 10 müň kilometr demir ýollary, 1 müňe golaý köpri we 100 töweregi port gurmaga we döwrebaplaşdyrmaga kömek edendigini aýtdy. – HHR yklymyň ähli ýurtlaryna diýen ýaly lukmançylyk toparlaryny iberdi, uzak oba ýerlerine baryp gördi we takmynan, 230 million adama kömek berdi – diýip sözüniň üstüne goşdy.
Wan Iniň belleýşi ýaly, Hytaý Afrikada azyk we suw üpjünçiligi, şeýle hem ylym we bilim pudaklarynda taslamalary durmuşa geçirýär. Ol şeýle çäreleriň ýerli ýaşaýjylara getirýän peýdalaryna ünsi çekdi. – Bu görnetin netijeler, yssy Günüň aşagynda afrikaly doganlary bilen birlikde yklymda öz işlerini edýän hytaýly işçileriň, lukmanlaryň, mugallymlaryň we meýletinçileriň kömegi bilen gazanyldy – diýip, ministr sözüni jemledi.
Hytaýyň Başlygy Si Szinpin, dokuzynjy Hytaý-Afrika hyzmatdaşlygy forumynyň açylyş dabarasynda çykyş edip, Hytaýyň sebitiň ýurtlarynda ýerli ýaşaýjylaryň abadançylygyny ýokarlandyrmak üçin 500 töweregi taslamany durmuşa geçirmegi meýilleşdirýändigini aýtdy. Şeýle hem, Afrikada, azyndan, 1 million täze iş ýeriniň dörediljekdigini aýtdy.
Bu forum Hytaý we Afrika döwletleri tarapyndan 2000-nji ýyldan bäri geçirilýär. Pekinde we yklymyň biriniň paýtagtynda gezekli-gezegine guralýan bu forum HHR-iň Afrikadaky ykdysady, syýasy we medeni täsirini güýçlendirýän möhüm platformadyr. Çäräniň esasy maksatlaryndan biri “Bir guşak – bir ýol” başlangyjynyň taslamalaryny öňe sürmekden ybaratdyr. Ýedinji forum Hytaýyň paýtagtynda 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda, sekizinjisi 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Dakarda geçirildi.