8-nji sentýabrda Gazagystanyň paýtagty Astanada Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Giň gerimli sport çäresiniň açylyş dabarasy artistleriň üç müňden gowragynyň gatnaşmagynda “Astana Arena” stadionynda guraldy. Bu dabara Gazagystanyň milli baýdagynyň hem-de Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň baýdagynyň galdyrylmagy we senasynyň ýaňlanmagy bilen başlady. Ilki gatnaşyjy ýurtlaryň dabaraly ýörişi geçirildi. Münberiň öňünden geçen türgenleriň arasynda türkmenistanly türgenler hem bar.
Dabarada Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew çykyş etdi we oýunlaryň açykdygyny yglan etdi. Dabarada Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynyň guramaçylyk komitetiniň başlygy Roman Sklýar we Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Bilal Erdogan hem çykyş etdi.
Giň gerimli sport çäresiniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Astana gelen ýokary derejeli myhmanlaryň arasynda Tatarystanyň ýolbaşçysy Rustam Minnihanow, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Saha Respublikasynyň başlygy (Ýakutiýa) Aýsen Nikolaýew, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow bar.
Astananyň iň gowy sport meýdançalarynda sportuň 21 görnüşi boýunça bäsleşik geçiriler. Bularyň arasynda at çapyşygy, milli göreşiň görnüşleri, däp bolup gelýän intellektual oýunlar, başa-baş göreşiň görnüşleri boýunça bäsleşikler, ýaýdan ok atmak, elguş bilen awlamagyň milli görnüşleri, at çapyşyklary we halk oýunlary bar. Giň gerimli çäräniň çäginde 10 gektar meýdanda “Köşpendiler Alemi” (“Çarwadalaryň dünýäsi”) ýaýbaňlandyryldy, bu ýerde hemmeler gazak halkynyň hem-de çarwa halklaryň özboluşly medeniýeti bilen tanşyp biler.
13-nji sentýabra çenlı dowam etjek çärä 89 ýurtdan 2 müň 800 töweregi türgen gatnaşýar. Türkmenistana 29 türgen we 6 tälimçi wekilçilik eder. Oýunlarda sportuň 21 görnüşi boýunça jemi 97 medal gowşurylar.