Alžiriň Prezidenti Abdel-Majid Tebbun ýurtda geçirilen nobatdan daşary Prezident saýlawlarynda 94,65 göterim ses alyp, ýeňiş gazandy. Alžiriň garaşsyz milli saýlaw toparynyň başlygy Muhammet Şerefi metbugat ýygnagynda Tebbunyň 94 göterimden gowrak ses alyp, gaýtadan prezidentlige saýlanandygyny habar berdi.
Alžirdäki Yslam partiýasy “Parahatçylyk jemgyýeti” hereketiniň (MOM) dalaşgäri Abdulali Hassani Şarif sesleriň 3,17 göterimini aldy, Sosialistik güýçler hereketiniň (MSF) baş sekretary Ýussef Usuşi bolsa sesleriň 2,16 göterimi bilen soňky orny eýeledi. Şerefi saýlawlara gatnaşygyň 48 göterime deň bolandygyny habar berdi.
Abdulaziz Buteflik 2019-njy ýylda wezipesinden çekilenden soň Abdel-Majid Tebun 58 göterim ses alyp ýurduň täze Prezidenti bolupdy. Tebbun nobatdaky saýlawlarda garaşsyz dalaşgär bolup, goşun, habar beriş serişdeleri, iş berijiler we käbir syýasy partiýalar tarapyndan goldaw aldy.
Alžir Halk Demokratik Respublikasy Demirgazyk Afrikada, Ortaýer deňziniň basseýniniň günbatar böleginde ýerleşip, çäkleri boýunça iň uly Afrika döwletidir. Ýurduň çäginiň köp bölegi Sahara çölünde ýerleşýär. Maglumatlara görä, ýurtda 46 milliondan gowrak ilat ýaşaýar.