Ertir – 10-njy sentýabrda paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda TIF-2024 Maýa goýum forumy öz işine başlar. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň we Söwda-senagat edarasynyň guramagynda geçiriljek foruma 35 döwletden 350-den gowrak wekiliň gatnaşmagyna garaşylýar.
TIF-2024 ýurduň we sebitiň ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşmak üçin meýdança öwrüler. Wekiller energetika, ulag, oba hojalygy we sanly ykdysadyýet ulgamlarynda Türkmenistanyň geljegi uly maýa goýum mümkinçilikleri barada maglumat alyp bilerler.
Forum döwlet düzümleriniň wekilleri, iri işewürler we halkara maliýe institutlary bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin özboluşly mümkinçiligi hödürlär.
Forumda çykyş etjekleriň hatarynda – Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň integrasiýa we makroykdysadyýet boýunça ministri Sergeý Glazýew, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA) Baş direktory Françesko la Kamera we Merkezi Aziýanyň sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk institutynyň direktory Kabir Jurazoda bar.
TIF2024 maksatnamasy hemmetaraplaýyn işlenip düzülen we Türkmenistanyň maýa goýum potensialy, sebitleýin energiýa geçişinde ýurduň ýangyç we energetika pudagynda orny, ulag aragatnaşygy we durnuklylygy, ykdysadyýetiň diwersifikasiýasy, sanly ulgamynyň özgerişleri, ýaşyl ykdysadyýetiň we akylly oba hojalygyny ösdürmegi, şeýle hem döwlet-hususy hyzmatdaşlygy ýaly giň göwrümli mowzuklaryny öz içine jemleýändir. TIF2024 maksatnamasy, şeýle hem, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen agentlikleri we “S&P Global Commodity Insights” kompaniýasynyň hünärmenleri bilen tematiki parallel sessiýalary – Bütindünýa Söwda Guramasynyň we Halkara institutlaryň we edaralaryň gatnaşmagynda tegelek stol maslahatlary hem öz içine alýar.
Ykdysady Üstünlikleriň Sergisi bu diňe bir sergi bolman, eýsem halk hojalygynyň dürli pudaklarynda – senagat pudagy, oba hojalygy, energetika, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk pudagynda soňky ösüşleri görkezjek interaktiw meýdança bolup hyzmat eder. Sergä gatnaşyjylar ýurdymyzyň öňdebaryjy kärhanalary bilen, ösen tehnologiýalary we Türkmenistanyň ykdysadyýetinde ulanylýan innowasion çözgütler bilen tanşyp bilerler. Sergi özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösmegine goşant goşar we serginiň çäklerinde birža söwdalary hem geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Forumyň çäginde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we ministrlikleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar guralar.