9-njy sentýabrda «iPhone 16» smartfonynyň tanyşdyrylmagyna garaşylýar. Emma bu köp garaşylýan tehnologiýa täzeliginiň öňüsyrasynda dünýäniň iň uly “«iPhone» smartfony ýasaldy. Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan hasaba alnan enjam “iPhone 15 Pro Max”-yň has uly nusgasydyr. Bu täsin enjamy “DIY Perks” hem-de “Mrwhosetheboss” atly “YouTube” kanallarynyň eýeleri bilelikde ýasapdyrlar. Enjam edil adaty smartfon ýaly işleýär. Adatça “iPhone”-larda “iOS” amaly ulgamy bar, emma beýikligi adamdan hem ýokary bolan bu enjam “iOS”-a meňzeş “Android” amaly ulgamy bilen işleýär. Şeýle hem bu enjam “Windows” amaly ulgamynda hem işleýär.
Dizaýny dolulygyna adaty “iPhone”-lara meňzeýän enjamyň sensorly ekran, kamera, el çyrasy we zarýad beriji port ýaly ähli funksiýalary bar. Enjamyň beýikligi 205 santimetrden gowrak.