Germaniýanyň “BMW Group” topary bilen Ýaponiýanyň “Toyota Motor Corporation” korporasiýasy arassa energiýaly ýangyçlary öndürmek üçin hyzmatdaşlyk ederler. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde nemes brendi ilkinji wodorod ýangyçly ulagyny 2028-nji ýylda öndürip başlar. Täze ulaglar has elýeterli bahadan satylar. Bu ulaglar hem wodorod, hem-de elektrik energiýasy bilen (FCEV) işlär. Energiýanyň bu iki görnüşiniň ulaga şol bir beket arkaly berilmegi üçin hem tehnologiýa işlenip taýýarlanar. Şeýlelikde, elektrik we wodorod beketleriniň ýaýrawy giňeldiler hem-de arzanladylar. Işlenip taýýarlanan tehnologiýa BMW hem-de “Toyota” modellerinde ulanylar.
BMW kompaniýasy wodorod ýangyjy bilen işleýän “iX5 Hydrogen” awtoulagyny dünýäniň köp ýerinde synagdan geçirdi. Indi bolsa onuň köpçülikleýin önümçiligi ýola goýlar.
Babaröwşen Pirgulyýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.