7-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti we Aşgabat şäher häkimligi zehinli ýaş aýdymçylaryň bäsleşiginiň guramaçysy bolup çykyş etdi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat, Arkadag şäherlerinden ýaş artistleri bir ýere jemlen bu bäsleşik Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda her ýylda geçirilýär.
Bäsleşigiň düzgünlerine laýyklykda, her welaýatdan, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hersinden iň mynasyp iki aýdymçy döwlet tapgyryna gatnaşmak üçin saýlanyp alyndy. Netijede, ýaş aýdymçylaryň 14-si “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda çykyş etdiler. Olar nusgawy we häzirki zaman şahyrlarymyzyň goşgularyna döredilen, şeýle hem halk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň, dutarçy bagşy-sazandalaryň, zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän bu telebäsleşigiň ýurdumyzyň höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň aýdym-saz sungatyna söýgüsini, höwesini artdyrmaga, zehin-ukyplaryny kämilleşdirmäge ýardam berýändigi bellenilýär.
Konsertiň jemleýji tapgyryň ähli gatnaşyjylarynyň ýerine ýetirmeginde bäsleşigiň özboluşly senasyna öwrülen «Ýaňlan, Diýarym!» aýdymy bilen dabaraly başlanmagy döredijilik çäresine baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Bäsleşige gatnaşýanlaryň arasynda köp sanly belli aýdymçylar hem bar. Olaryň köpüsi köpöwüşginli şekilli aýdymlary bilen giň halk köpçüliginiň arasynda ykrar edilýär.
Ýaş ýerine ýetirijiler häzirki zaman aýdym-sazlaryny özünde jemleýän joşgunly çykyşlary tomaşaçylara hödürlediler. Ata Watanymyzy, halkymyzyň köpasyrlyk şöhratly taryhyny, täze taryhy döwürde amal edilýän beýik işleri, mähriban topragymyzyň tebigatyny we gözelligini belentden wasp etdiler. Bäsleşige gatnaşýanlaryň köpüsi nusgawy şahyrlaryň sözlerine belli türkmen kompozitorlary tarapyndan döredilen hem-de meşhur dessanlardan aýdymlary ýerine ýetirdiler. Çykyşlaryň maksatnamasyna geçen ýyllaryň meşhur eserleri hem girizildi. Şolarda häzirki zaman äheňleri, gadymy halk mukamlary sazlaşykly utgaşýar. Sahnada jemleýji tapgyra gatnaşyjylar bilen birlikde, ozalky bäsleşikleriň ýeňijileri hem çykyş etdiler. Olaryň köpüsi üçin «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi many-mazmuna baý döredijilik durmuşyna, uly estrada ýol açdy.
Döredijilik çäresine gatnaşyjylaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde joşgunly ýaňlanan we konsertiň özboluşly jemlenmesine öwrülen “Alkyşnama” atly aýdym ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda halkymyzyň bagtyýarlygy, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, milli sungatymyzyň şan-şöhratyny belende götermek ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize bagyşlanýar.
Aýdym-saz baýramçylygy tamamlanandan soňra, bäsleşigiň jeminiň jemlenilmegi we ýeňijileriň yglan edilmegi iň tolgundyryjy pursada öwrüldi. Tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýeňijiler yglan edildi we olara ýörite diplomlar hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry gowşuryldy. Jemleýji tapgyra gatnaşanlaryň ählisi döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlara mynasyp boldular. Ýeňijiler ýurdumyzda döredijilikli zähmet çekmäge ähli şertleriň döredilýändigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler, şeýle-de mynasyp bolan sylaglaryny diňe uly hormat we jogapkärçilik hökmünde däl, eýsem, sungatyň dörediji, birleşdiriji güýjüniň subutnamasy hökmünde hem kabul edýändiklerini aýtdylar.
“Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edip, ähli tagallalaryny, zehinini, ylhamyny milli sungatymyzyň galkynmagyna, onuň dünýäde giňden wagyz edilmegine gönükdirjekdiklerine ynandyrdylar.