Türkmenistan bilen Gazagystan köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen hemişelik hereket edýän bilelikdäki media geňeşini döretmek barada ylalaşdylar. Bu barada «Ratel Media» halkara habarlar agentligi habar berýär. Ylalaşyga Awazada Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň teleradio toplumynyň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň wekilleri tarapyndan gol çekildi.
Täze media geňeşi iki ýurduň döwlet teleradiokompaniýalarynyň arasynda hünär gatnaşyklaryny giňeltmäge we media mazmunyny alyşmaga gönükdirilendir. Maglumat hyzmatdaşlygynyň täze tapgyrynyň çäklerinde Türkmenistanda Gazagystanyň «Silk Way» we «Silk Way Cinema» halkara teleýaýlymlary ýaýlyma berlip başlanar.
Iki ýurduň arasynda ilkinji hemişelik mehanizm boljak bu media geňeşi Merkezi Aziýada we dünýäde bolup geçýän wakalary wagyz etmäge hem-de kinematografik eserleri görkezmäge amaly mümkinçilik döreder.
Maşgala-dynç alyş teleýaýlymy bolan «Silk Way»-iň gepleşşikleri gazak, rus, iňlis, gyrgyz, özbek we turk dillerinde tomaşaçylara ýetirilýär.
PDF








