Gazagystanyň ýolagçy otlysynda howpsuzlygy we jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek maksady bilen 4 müňden gowrak wideogözegçilik kamerasy ýerleşdirildi. « Qazaqstan Temır Joly» paýdarlar jemgyýetiniň habar bermegine görä, bu ulgam ýolagçylaryň şahsy emläkleriniň goraglylygyny we hyzmatyň hilini ýokarlandyrýar. Şeýle hem ol ýoldaky ýagdaýlary ýüze çykarmaga, otly toparlarynyň düzgün-nyzamyny berkitmäge we ýolagçylaryň ýüzlenmelerine obýektiw seretmäge mümkinçilik berýär.
PDF








