Şu gün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Maýa goýum forumynyň we ugurdaş serginiň hem-de Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatynyň resmi açylyş dabarasy boldy. Açylyş dabarasynyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Maýa goýum forumynda wideoýüzlenme bilen çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiz çykyşynda ertir, ýagny 11-nji sentýabrda türkmen-owgan gatnaşyklaryny has-da ösdürjek möhüm taslamalaryň düýbüni tutmak we işe girizmek dabaralarynyň boljakdygyny aýtdy.Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi taslamasynyň esasy tapgyry bolan Serhetabat-Hyrat gaz geçirijisiniň, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbüni tutmak we işe girizmek dabaralarynyň şaýady bolarys – diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.