Dünýäniň öňdebaryjy 9 nebit kompaniýasynyň peýdasy şu ýylyň birinji ýarymynda 10 göterim azalyp, 129,80 milliard dollara düşdi. Maglumatlara görä, amerikan “ExxonMobil” we “Chevron” niderland “Royal Dutch Shell”, iňlis “bp”, fransuz “TotalEnergies”, italýan “Eni”, rus “Rosneft”, norweg “Equinor” we Saud Arabystanynyň “Saudi Aramco” kompaniýalarynyň umumy peýdasy 2023-nji ýylyň degişli döwründäkiden 10 göterim pese gaçypdyr.
Ýylyň alty aýynda “Saudi Aramco” 56,30 milliard, “ExxonMobil” 17,46 milliard, “Shell” 14,02 milliard, “bp” 5,47 milliard, “Chevron” 9,93 milliard, “Eni” 2,06 milliard, “Equinor” 4,54 milliard we “TotalEnergies” 9,50 milliard dollar peýda gazanypdyr.
Salyh Kurbangeldiýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.