Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sa­pa­ry bi­len Ma­ry we­la­ýa­ty­na gel­di.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zy hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar mä­hir­li gar­şy­la­dy­lar. Mil­li Li­de­ri­miz Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň ýa­şu­lu­la­ry bi­len hal-ah­wal so­ra­şyp, oba ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri bi­len gy­zyk­lan­dy.
Hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za hem-de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­za ho­şal­lyk­la­ry­ny be­ýan edip, we­la­ýa­tyň ila­ty­nyň bo­le­lin dur­muş­da ýa­şa­ýan­dy­gy­ny bel­le­di­ler we mu­nuň üçin türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­ne, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze tüýs ýü­rek­den sag­bol­sun aýt­dy­lar. Şeý­le-de il sy­lag­ly ýa­şu­lu­lar mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ril­jek Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne uly ru­hu­be­lent­lik bi­len taý­ýar­lyk gö­rül­ýän­di­gi­ni buý­sanç bi­len nyg­ta­dy­lar. Mu­nuň özi türk­men hal­ky­nyň ga­dym­dan gel­ýän däp-des­sur­la­ry­nyň döw­rüň ru­hu­na ky­bap de­re­je­de do­wam et­di­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň be­ýa­ny­dyr.
Ösüş­le­riň ýo­ly bi­len ynam­ly öňe bar­ýan ata Wa­ta­ny­my­zyň her bir gü­ni toý­dur da­ba­ra­la­ra bes­len­ýär. Mu­nuň özi Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň äh­li ugur­lar­da be­lent sep­git­le­ri na­zar­la­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň gü­wä­si­dir.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň Ma­ry we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry do­wam ed­ýär.