10-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň daşary işler ministri Dato Seri Utama Haji Mohamad bin Haji Hasany kabul etdi.
Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize Malaýziýanyň XVII Ýokary Baştutany Sultan Ibrahim ibn Almarhum Sultan Iskandaryň we Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň mähirli salamyny ýetirdi.
Döwlet Baştutanymyz myhmany gadymy türkmen topragynda mübärekläp, bu sapara Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge itergi berjek möhüm tapgyr hökmünde garalýandygyny belledi hem-de dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz onuň saparyň dowamynda türkmen kärdeşleri bilen geçirjek duşuşyklarynyň we gepleşikleriniň netijeli bolmagyny arzuw etdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Malaýziýany deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak däplerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn derejede, halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyny we halkara derejede öňe sürýän netijeli başlangyçlaryny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde alnyp barylýan ýakyn hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini nygtady.
Iki ýurduň söwda-ykdysady ulgamda netijeli hyzmatdaşlyk edýändigine üns çekildi. Nebitgaz pudagy Türkmenistanyň depginli ösýän pudaklarynyň biridir. Bu ugurda ýurtlarymyzyň mümkinçilikleriniň ulanylmagyna Malaýziýanyň PETRONAS kompaniýasynyň uly goşant goşýandygy aýratyn bellenildi. Kompaniýa köp ýyllaryň dowamynda Diýarymyzda uglewodorod serişdelerini çykarmagyň taslamalaryna gatnaşýar. Nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda netijeli işleri alyp barýar.
Döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejede amala aşyrylýan saparlaryň möhüm orny bellenildi. Hormatly Prezidentimiz bu babatda şu ýylyň ahyrynda Malaýziýa amala aşyryljak saparyň ähmiýetini nygtap, onuň dowamynda geçiriljek gepleşikleriň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we Malaýziýanyň daşary işler ministri birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.