Ýoluň ak bolsun, «ak altynly» kerwen!
Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak patasy bilen ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan pagta ýygymyna badalga berildi. 6-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet Baştutanymyz gowaça ösdürip ýetişdirýän daýhanlara we ähli oba hojalyk işgärlerine işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Mälim bolşy ýaly, 9-njy sentýabrda geçirilen iş maslahatynda döwlet Baştutanymyz ýetip gelen pagta ýygym möwsümi barada aýdyp, pagta kabul ediş harmanhanalarynyň, işlediljek kombaýnlaryň, awtoulaglaryň taýýarlyk derejesini ýene-de bir gezek gözden geçirmegi tabşyrdy.
Şol gün ýurdumyzyň welaýatlarynyň Türkmenistanyň Döwlet baýdagy, halylar we şygarlar bilen bezelen pagta kabul ediş bölümlerine, pagta arassalaýjy zawodlaryna üsti “ak altyn” bilen doldurylan awtoulaglaryň hem-de tirkegli traktorlaryň ilkinji kerwenleri geldi. Halkymyzyň asylly däbine görä, hormatly ýaşulular hasylyň ýygnalyp başlanmagyna ak pata berip, Beýik Biribardan döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda täze zähmet ýeňişlerine tarap öňe barýan Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň abadançylygyny dileg etdiler.
Dabaralaryň çäklerinde oba hojalyk tehnikalarynyň, obasenagat pudagynyň gaýtadan işlenen harytlarynyň, dokma senagaty önümleriniň sergileri ýaýbaňlandyryldy. Aýdymçy-sazandalar, tans, folklor toparlary konsert maksatnamalary bilen çykyş etdiler. Bereketli pagta hasylyny ýetişdiren önümçiligiň öňdebaryjylaryna – iň oňat pagtaçy kärendeçilere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.