Daşoguz welaýatynyň zähmetsöýer babadaýhanlary hormatly Prezidentimiziň ak patasy, il sylagly ýaşulylarymyzyň bismillasy bilen pagta ýygymyna guramaçylykly girişdiler. Köneürgenç etrabyndaky Pagta arassalaýjy kärhanada ýylyň ilkinji pagta tonnalary getirilip Watan harmanyna tabşyryldy. Şu mynasybetli bu ýerde baýramçylyk dabarasy geçirildi. Çäräniň geçiriljek ýeri baýramçylyk ruhuna kybap derejede bezelip, ýaşyl tugymyzyň al asmana erkana pasyrdaýşy, köp öwüşginli sergileriň giňden ýaýbaňlandyrylmagy, aýdym-sazyň hoş owazynyň belentden ýaňlanmagy, joşgunly tanslaryň, folklor toparynyň sahna oýunlarynyň görkezilmegi çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy. Sergilerde gelin-gyzlarymyzyň el-işleriniň, milli şaý seplerimiziň, dokma we ýüplük önümleriniň, däne görnüşleriň, oba hojalygynda ulanylýan gurallaryň, himiki serişdeleriň, azyk önümleriniň dürli görnüşleriniň sergileri bu ýere ýygnalanlarda uly täsir galdyrdy. Köp öwüşginli sergiler geçen sanlyja ýylyň içinde ýurdumyzda gazanylan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri açyp görkezdi. Soňra il sylagly ýaşulylar, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, öňdebaryjy kärendeçiler çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda peder ýoluny mynasyp derejede dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň ähli pudaklaryny sazlaşykly ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesini ýokarlandyrmak, oba hojalykçylaryň, kärendeçileriň işlemegi bereketli türkmen topragyndan bol hasyl ösdürip ýetişdirmegi üçin döredilýän şertler, mümkinçilikler barada giňişleýin aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çuňňur hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Çäräniň dowamynda welaýatymyzyň öňdebaryjy kärendeçilerini hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Dabara aýdym-sazly çykyşlar bilen dowam etdi. Welaýatymyzyň tanymal bagşy-sazandalary estrada we halk aýdymlaryny ýerine ýetirip, ajap döwrümizi, Arkadagly Serdarymyzyň rowaç işlerini, päk zähmeti wasp etdiler. Soňra dabara gatnaşanlar ýylda 40 müň tonna gowaça çigidini gaýtadan işlemäge ukyby bolan pagta arassalaýjy kärhanany aýlanyp gördüler. Bu ýerde kärendeçileriň yhlasly zähmetleriniň netijesinde kemala gelen ak-altyn hasyly senagat taýdan gaýtadan işlenip taýýar çig mal görnüşine getirilýär. Kärhanada ähli işler awtomatik usulda berjaý edilip, kompýuterler esasynda dolandyrylýar, işgärleriň işlemekligi üçin ähli amatly şertler döredilen. Munuň özi “ak altyn” hasylyny gysga wagtda senagat taýdan gaýtadan işlenip, egriji fabriklerimiziň ýeterlik mukdarda çig mal bilen üpjün edilmegine mümkinçilik berer.
Gülhumar HOJAHMETOWA, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.