UEFA Milletler Ligasynyň täze möwsümine badalga berlip, “A” Liganyň 1-nji toparçasynda Portugaliýanyň ýygyndysy öz meýdançasynda ilki Horwatiýany, soňam Şotlandiýany 2-1 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi. Her duşuşykda-da toparynyň 2-nji goluny geçiren 39 ýaşyndaky Kristiano Ronaldo ýene bir ýola adyny taryha altyn harplar bilen ýazdyrmagy başardy. Horwatiýa bilen bolan duşuşygyň 34-nji minutynda geçiren goly onuň karýerasyndaky 900-nji gol hökmünde hasaba alyndy. Şeýlelikde, ol futbolyň taryhynda resmi duşuşyklarda 900 gola ýeten ilkinji futbolçy boldy. 2-nji duşuşykda bolsa 2-nji ýarymyň başynda oýna giren Ronaldo 88-nji minutda toparyna ýeňiş getiren goly geçirdi. Gollarynyň sany 901-e ýeten Ronaldo milli ýygyndyda 132-nji gezek tapawutlandy. Şotlandiýanyň ýygyndysy onuň gol geçiren 48-nji milli topary bolup, ol bu görkeziji boýunça hem rekordyň eýesidir. Ýagny Ronaldo iň köp milli ýygyndynyň derwezesinden gol geçiren futbolçydyr.

Ronaldonyň karýerasy boýunça geçiren gollaryny seljerenimizde, 1-nji goly bilen 100-nji golunyň arasynda köp wagt geçýär. Ýagny Ronaldo 100-nji goly üçin 6 ýyl garaşmaly bolýar. Ýöne ondan soňky her 100 gola 2 ýa-da 3 ýyldan ýetýär. Hatda 400-nji goly bilen 500-nji golunyň arasynda 1 ýyldan sähel gowrak wagt bar.

Ronaldo karýerasyndaky ilkinji goluny 22 ýyl ozal, 2002-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda “Sportingde” oýnaýan mahaly “Moreirense” toparynyň derwezesinden geçirýär. Onuň 100-nji goly 2008-nji ýylda, 6 ýyldan soň hasaba alynýar. “Mançester Ýunaýtediň” köýnekçesi bilen 2008-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda “Tottenhamyň” derwezesinden geçiren goly onuň 3 sifrli sanly gollarynyň ilkinjisi bolýar. 200-njiden 600-nji goluna çenli ýubileý gollarynyň ählisini “Real Madridde” oýnaýan döwründe geçirýär. 200-nji goluny 2010-njy ýylyň 4-nji dekabrynda “Walensiýanyň”, 300-nji goluny 2012-nji ýylyň 5-nji maýynda “Granadanyň”, 400-nji goluny 2014-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda “Seltanyň”, 500-nji goluny 2015-nji ýyly 30-njy sentýabrynda Çempionlar Ligasynyň çäginde Şwesiýanyň “Malmö” toparynyň, 600-nji goluny hem Çempionlar Ligasynyň çäginde, 2017-nji ýylyň 3-nji iýunynda, finalda “Ýuwentusyň” derwezesinden girizýär. 700-nji goly milli toparda Portugaliýanyň ýygyndysy bilen 2019-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Ukrainanyň derwezesinden salýar. 800-nji goly 100-nji goluny geçiren klubunda “Mançester Ýunaýtediň” köýnekçesi bilen hasaba alynýar. 2021-nji ýylyň 2-nji dekabrynda “Arsenalyň” derwezesinden girizen goly onuň 800-nji goly bolýar. 900-nji goly Portugaliýanyň düzüminde geçirendigini ýokarda belläpdik.

Ýyllara seredenimizde, Ronaldo kalendar senenamasy boýunça hasaba alnanda, 23 ýyldan bäri professional derejede futbol oýnap gelýär. Esasanam, 30 ýaşdan soň gollarynyň sany juda köpelen super ýyldyzyň iň az gol geçiren senesi 2003-nji ýyl (1 gol), iň köp gol geçiren senesi-de 2013-nji ýyl bolýar (69). Ol 4 ýyl yzly-yzyna 60-dan köp, 7 ýylam yzly-yzyna 50-den köp gol salýar. Soňky ýyllarda iň az gol geçiren senesi-de 2022-nji ýyl bolýar. Şol ýyl “Mançester Ýunaýtedden” “Al Nassra” transfer bolan super ýyldyz 16 gol geçirýär. Ondan soň bolsa ýene-de, öňki ýoluny dowam etdirýär we geçen ýyly 54 gol bilen tamamlaýar.

Ronaldo 2002-nji ýylda 5, 2003-nji ýylda 1, 2004-nji ýylda 13, 2005-nji ýylda 15, 2006-njy ýylda 25, 2007-nji ýylda 34, 2008-nji ýylda 35, 2009-njy ýylda 30, 2010-njy ýylda 48, 2011-nji ýylda 60, 2012-nji ýylda 63, 2013-nji ýylda 69, 2014-nji ýylda 61, 2015-nji ýylda 57, 2016-njy ýylda 55, 2017-nji ýylda 53, 2018-nji ýylda 49, 2019-njy ýylda 39, 2020-nji ýylda 44, 2021-nji ýylda 47, 2022-nji ýylda 16, 2023-nji ýylda 54 goly öz adyna ýazdyrýar. Şu ýyl bolsa häzirlikçe 25 gol geçiren Ronaldonyň umumylykda gollarynyň sany 901-e deňdir. Onuň 1000 gola ýetip-ýetmejekdigini wagt görkezer. Ýöne ony 1000-e ýetirmek üçin azyndan 2-3 ýyl, bu bolsa Ronaldonyň 41-42 ýaşyna çenli oýnamalydygyny aňladýar.

Ronaldo milli ýygyndyda 214 duşuşykda 132 gol geçirdi. Iki görkeziji boýunça-da rekord portugaliýaly ýyldyza degişli bolup, ol 80 goly 30 ýaşyndan soň derwezä girizdi. Bu bolsa öz ýygyndylarynda iň köp geçiren birnäçe ýyldyz oýunçynyň milli rekordlaryndan hem ýokary diýmekdir. Mysal üçin, braziliýaly Neýmar 79, germaniýaly Miroslaw Kloze 71, urugwaýly Luis Suares 69, angliýaly Harri Keýn 68, kot-d’iwuarly Didie Drogba 62, şwesiýaly Zlatan Ibrahimowiç 62, ispaniýaly Dawid Willa 59, fransiýaly Oliwie Žiru 59, kamerunly Samuel Eto’o 56, niderland Robin Wan Persi 50 gol geçirip, olar öz milli ýygyndylarynyň iň netijeli futbolçylarydyr. Käbirleriniň karýerasy dowam edýän şu ady agzalan ýyldyz oýunçylar Ronaldonyň 30 ýaşyndan soň Portugaliýanyň düzüminde geçiren gollaryndan az tapawutlandy.

Ronaldo 500-nji goluny 30 ýaşynda geçiripdi. Galan 401 goly bolsa soňky 9 ýylda, 30 ýaşdan soň geçirmegi başarýar. Ronaldo geçiren gollarynyň deň ýarysyny diýen ýaly, ýagny 450-sini “Real Madridde” çykyş eden 9 ýylynda derwezä girizýär. Ol “Mançester Ýunaýtedde” 145, “Ýuwentusda” 101, “Al Nassrda” 68, “Sportingde” 5, şol sanda milli ýygyndyda 132 gol geçirýär.