UEFA-nyň 3-nji derejeli ýaryşy Konferensiýa Ligasynda liga tapgyrynyň 1-nji duşuşyklary geçirildi.
Fransiýanyň “Monako” topary myhmançylykda “SSKA Sofiýany” Brunneriň 3-nji, Ansu Fatiniň 43-nji minutlarda geçiren gollary esasynda 2-1 ýeňdi.

Türkiýäniň “Trabzonspor” topary myhmançylykda Finlýandiýanyň “KuPS” toparyndan 4-2 hasabynda üstün çykdy. Türk toparynyň gollaryny Onuaçu (3), Mohamed Salah (4) hem-de Džu (47, 90+1) derwezä girizdi. Mohamed Salah duşuşyk 1 asist hem edip, adyny taryha ýazdyrdy. Ol UEFA-nyň 3 klub ýaryşynda-da 1 oýunda hem gol geçirip, hem asist eden 3-nji futbolçy bolmagy başardy. Salahdan öň Mario Gýotse bilen Kodi Gakpo şeýle statistika eýe bolupdy.

Italýan kluby “Atalanta” öz meýdançasynda “Pafos” toparyny 3-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Bergamolylara ýeňiş getiren gollary Elif Elmas (1), Raspadori (18 p) hem-de Skamakka (44) geçirdi.
Iňlis kluby “Braýton” öz meýdançasynda Litwanyň “Kaunas Žalgiris” toparynyň derwezesinden jogapsyz 4 gol girizdi. Gollary Rutter (41, 53), Hinşelwud (45+2) hem-de O’Raýli (67) öz atlaryna ýazdyrdylar.
“Kopengagen” öz meýdançasynda “Bragany” Elýunussiniň hem-de Korneliusyň (2) gollary bilen 3-0 hasabynda utdy.
Niderlandlaryň “Aýaks” topary myhmançylykda “Haýduk Split” toparyndan 2-1 hasabynda utulyp, ýaryşa ýeňliş bilen başlady.
Lugano – Srwena Zwezda: 3-2
Haýduk Split – Aýaks: 2-1
Gent – AGF: 1-0
Egnatiýa – Midtýullann: 1-1
KuPS – Trabzonspor: 2-4
Mýallbýu – Inter Klub d’Eskaldes: 2-0
Panatinaikos – Boras Banýa Luka: 2-1
SSKA Sofiýa – Monako: 1-2
Riga – Kairat: 1-1
Uniwersitatea Kraiowa – Hetafe: 1-1
Atalanta – Pafos: 3-1
Braýton – Kaunas Žalgiris: 4-0
Kopengagen – Braga: 3-0
Twente – Tun: 1-0
Harts – Norşellann: 1-1
Sint-Truiden – Iberiýa 1999: 2-0
Fraýburg – Ýablones: 3-2
Brann – Linkoln Red Imps: 2-1
PDF








