Indi 30 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly we işjeň agzasy hökmünde onuň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine möhüm goşant goşmagyny dowam etdirip gelýär. Parahatçylykly ýaşamagyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň, deňhukukly dialogyň ähmiýetini öňe sürýän Türkmenistan halkara giňişlikde hemişe netijeli hyzmatdaşlygyň tarapdary bolup çykyş edýär. 2025-nji ýylda Bitaraplygyň 30 ýyllygyny dabaraly bellemäge, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň geljek ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamasyny durmuşa geçirmäge taýýarlyk görüp, Türkmenistan hyzmatdaşlar bilen işjeň gatnaşyklaryny dowam etdirýär.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasyna işjeň taýýarlyk görýär. Durnukly ösüş maksatlarynyň 17-sini resmi taýdan kabul eden we olary durmuş-ykdysady ösüşiň milli meýilnamalaryna, strategiýalaryna uýgunlaşdyran ýurt hökmünde Türkmenistan jemgyýetçilik durmuşynyň ähli möhüm ugurlarynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de güýçlendirmäge çagyrýar.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň iýunynda ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlandy.
Ýurt Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. 6-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama kabul edildi. Bu resminama dünýäniň 87 döwleti awtordaş bolup çykyş etdi.
Şu ýylyň 21-nji martynda hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistan Watanymyzyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda taryhy Kararnama biragyzdan kabul edilipdi.
Häzirki wagta çenli ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 26 Kararnamasy kabul edildi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan 8 gezek Baş Assambleýanyň wise-başlyklygyna saýlanyp, BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň 10 sany komissiýasynyň we geňeşiniň agzasy bolup durýar. Ýurdumyzda guramanyň agentlikleriniň 9-synyň wekilhanalary hereket edýär. Olaryň gatnaşmagynda häzirki wagtda BMG bilen bilelikde jemi 40-dan gowrak taslama durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda kabul edilen Kararnamalaryň käbirlerini mysal getirsek, 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde kabul edilen, 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnama, 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde kabul edilen «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnama, 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynyň 82-nji mejlisinde kabul edilen «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnama, 2018-nji ýylyň 16-njy aprelinde kabul edilen «Bütindünýä welosiped gününi» bellemek hakyndaky Kararnama aýdanlarymyzy doly tassyklaýar.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatçylyk we abadançylyk diplomatiýasy, Bitaraplyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk syýasaty hemişe dünýäde dabaralansyn!
Hangeldi ANNAGELDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.