Mälim bolşy ýaly, dünýäniň iň beýik binasy «Burj Halifa» Dubaýda ýerleşip, onuň beýikligi 828 metre ýetýär. Şäherde beýik binalaryň ýene biri peýda bolar. Beýikligi 725 metre ýetjek «Burj Azizi» atly binanyň gurluşygy üçin 1,6 milliard amerikan dollary sarp ediler. Şeýlelikde, şäherde dünýäniň iň beýik ikinji binasy hem peýda bolar. Häzirki wagtda dünýäniň iň beýik ikinji binasy bolan «Merdeka 118» Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda ýerleşýär.
Dubaýda guruljak gökdirän 131 gatly bolup, binada 7 ýyldyzly myhmanhana, restoran, söwda merkezi, syn ediş meýdançasy we ýaşaýyş öýleri bolar. Gurluşyk 4 ýyl dowam edip, 2028-nji ýylda ulanmaga berler. «Azizi Developments» atly kompaniýa tarapyndan durmuşa geçirilýän taslamanyň gurluşygyna şu ýylyň ýanwarynda başlanypdyr. Kompaniýa täze taslamanyň inženerçilik babatda gazanylan uly üstünlikdigine ünsi çekýär. «Burj Halifadan» 3 kilometr uzaklykda ýerleşýän binanyň 130-njy gatynda syn ediş meýdançasy, 122-nji gatynda restoran bolar.
Eziz Nurmyradow,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby.