28-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmed Al-Haý Hamad Hamis Al-Hameli bilen duşuşdy.

Gepleşikleriň dowamynda iki taraplaýyn, şeýle hem sebitleýin we halkara düzümleriniň çäklerinde türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň derwaýys ugurlara seredildi.

Diplomatlar ikitaraplaýyn gün tertibine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de, taraplar halkara guramalarynyň, esasan hem BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alyşdylar.