Oktýabr aýynyň ahyrynda Kazanda guraljak BRICS-iň sammitine 20 müňe golaý adamyň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada Kazanyň şäher häkimliginiň metbugat gullugy habar berdi.

“BRICS sammitine 20 müňe golaý adamyň gatnaşmagyna garaşylýar. Daşary ýurtlardan çagyrylan 36 lideriň 18-si sammite gatnaşmakçydygyny tassyklady” diýlip, beýanatda bellenilýär.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanlary bilen geljek wekiliýetlerden başga-da žurnalistleriň, tehniki işgärleriň, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň we meýletinçileriň gelmegine garaşylýar.

Kazanda olaryň ýerleşmegi üçin 54 myhmanhana bölünip berildi, olaryň käbirinde halkara ülňülerine laýyklykda, abatlaýyş işleri geçirilýär. Esasy abatlaýyş işleri bolsa, eýýäm tamamlandy. BRICS sammiti 22-24-nji oktýabr aralygynda Kazanda geçiriler.

BRICS 2006-njy ýylda Russiýanyň, Braziliýanyň, Hindistanyň we Hytaýyň tagallasy bilen döredildi. 2011-nji ýylda Günorta Afrika Respublikasy birleşige goşuldy, 2024-nji ýylda – Eýran, Müsür, Birleşen Arap Emirlikleri, Efiopiýa we Saud Arabystany goşuldy. Birnäçe ýurduň BRICS-de synçy derejesi bar.